"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Ýazyjyny ýagşylykda ýatlap

Garaşsyz Diýarymyzda ähli ulgamlaryň sanlaşdyrylmagy güýçli depginde alnyp barylýar. Munuň özi kitaphanalaryň işinde-de täzelenişi emele getirdi. Türkmen döwlet medeniýet institutyň mugallymlary we talyplary hem sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň kitaphanalary bilen işjeň aragatnaşyk saklaýar. Ýakynda ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 115 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň, Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň, Magtymguly adyndaky merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň, welaýat kitaphanalarynyň wekilleriniň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlarydyr talyplarynyň gatnaşmagynda “Ýazyjylaryň paýhas düwünçeginden” atly onlaýn görnüşli söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlige Mary welaýatyndan Nurmyrat Saryhanowyň gyzy Orazjemal daýza, Nurmyrat we Azat atly agtyklary gatnaşyp, ýazyjynyň durmuşy, döredijiligi barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Orazjemal daýzanyň kakasyna bagyşlap döreden goşgusyny okap bermegi, agtyklarynyň bolsa 2017-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň Moldowa Respublikasyna saparynyň dowamynda Nurmyrat Saryhanowyň guburyna zyýarat edişleri, ol ýerde ýazyjynyň heýkeliniň oturdylandygy baradaky gyzykly ýatlamalary duşuşyga gatnaşanlarda ýakymly duýgulary döretdi.

Ajygan däl, alňasan...(Hekaýa)

Gurbanyň kiçigöwünliligi üçin ony köp adam gowy görerdi. Onuň bir häsiýeti bar, ol hem alňasaklygy. Ol haýsy işiň başyna barsa, işini tiz bitirjek bolup, çakganlykdan alňasaklyga geçäýýär. Bu aýratyn hem ulag dolandyranda ýüze çykýar. Şonuň üçin hem oba adamlary onuň adyny «Gurban tiz» diýip tutýarlar. Heniz ol çagaka-da tut çybygyny «at» edip, «çüw atym» diýip, şapadaňlap iliň öňündedi. Sekizinji synpy tamamlanda, kakasy oňa welosiped alyp berdi. Gurban obalaryny etrap merkezi bilen birleşdirýän uly ýolda täzeje tigrini haýdadyp, göwün solpusyndan çykardy. Garaz, onuň arzuwy-höwesi tizlik, maksady çapyşyklarda ozmak boldy. Ene-atasy hem muňa baş galdyryp ýörmezdi. Hat-da bir gezek synpdaşy Merdanyň kakasy maşyn sürüp barýarka, tigirli onuň öňüne çolaşyp, ýeňil-ýelpaýrak şikes alanda-da, gaty bir käýäp durmadylar. Gaýta ejesi Annagül gelneje: «Gurban jan, tüweleme, beýlekilemden dogumlyja» diýip guwanardy.

Iki «Men» (Çeper oýlanma)

Diňe töweregimdäkileriň kemter gaýdýan ýerlerini düzedip ýörşüme, içimdäki «menler» mensiz halys başyna gidipdir. Özlerine ýüz berilmänsoň, haý-küş edilmänsoň, asyl olar tas depäme çykan eken. Hamala diýersiň, artykmaç ýaglaryň ýüregiňi dolap alşy ýaly. Wah, içimdäki ol iki «meniň» kiçisi ýeňse ne ýagşy welin, beýleki ulusynyň ýüregimi eýelemeginden gaty gorkýa. Kiçisi diýýänim hemişe meni köşeşdirýän, sabyr-kanagata, pespällige, sadalyga çagyrýan, diňe özümiň däl-de, beýlekileriň hem aladasyny etmegimi goldaýan, diňe ýagşy geljege umyt baglamagyma itergi berýän «men». Beýleki welin, onuň bütinleý tersine. Başyny dim-dik tutup, kiçi «meniň» edýänlerini hemişe ýazgaryp, «ilki bilen, özüňi bilmeli, özüňi gowy görmeli, özüňi söýmeseň, hiç kim seni söýmez» diýen ýaly pikirler bilen ýaşap ýören uly «men». Garaz, şu iki sany «meniň» içimde berç bolup gidenine eýýäm ep-esli wagt bolandyr. Özümi bilelim bäri şularam bar. Aýal maşgala bolamsoň, gündelik aladalarym bilen asyl ol «menler» zerarly kellämi agyrdyp hem ýöremokdym. Olar nähili ýagdaýda, nädip ýaşap ýörler? Munuň bilenem aňsat-aňsat gyzyklanyp durmaýardym. Olaram özlerine aýratyn üns berilmegini talap edenok. Özbaşlaryna, saýlan ýörelgelerine eýerip, şonam sypdyrman ýaşap ýörler. Uruşýarlar, garpyşýarlar, ahyrynda, ýene ýaraşýarlar. Meniň bolsa işimem ýok, öz derdim başymdan agdyk. Ýöne, ynha, käte-käte olaryň arasynda şeýlebi

Söýgä ýugrulan eserler

Häzirki ýaly ýadymda, «Garagum» žurnalynyň redaksiýasyna ilkinji gezek hekaýamy tabşyrmak üçin barypdym. Iş otagynyň gapysyny kakyp, girmäge ýaýdanyp duranymy gören adam meni tanamasa-da, iş stolunyň başynda oturan ýerinden turup garşylady: — Gel, jigim, näme beýdip gapyda ýaýdanyp dursuň?

Şygryýet

Kalba ylham berýär türkmen bahary Arzuwlaýan maksadyna gowşany,Hem sylaýan düşünşeni, oňşany.Şygyr halamaýar saly gowşagy,Janlanmagym üçin maňa siz gerek.

Bedew atym — myradym

Sähramyz bar bedew atda gezilen,Kümüş şaý-sep, nagyş bilen bezelen,Bütin dünýäň söýgüsini gazanan, Ahalteke bedew atym — myradym! Toýnagnyň astyndan göterlip alaw,Kowuşsa, çapyşsa ýelmaýa ýalaw, Duýgurlykda adam ýaly hoşgylaw,Ahalteke bedew atym — myradym!

Bürgüt (hekaýa)

Baharyň soňunyň howasy yssydy. Säher bilen awa çykan bürgüdiň penjesine, ýaz aýlarynyň aw bolçulygy zerarly mazaly özüni tutan tilki ilipdi. Şonuň üçinem bu gün onuň etenelikden türpeklige saýlanyp ugran jüýjelerem, höwrem, özem mazaly doýupdy. Bürgüdiň alkymy tilkiniň etinden gözelipdi. Ýöne ol näme üçindir özüni birhili ysgynsyz duýýardy. Höwri bolsa alagowur turuzýan bezzat jüýjelerini gezekli-gezegine penjesine gysyp, çüňküni öz çüňküne garşy öwürýärdi-de, inçejik lukmajyklary olaryň çüňküne dykýardy. Arasynda-da dogany bilen garpyşyp, höwürtgäniň gyrasyna barýan, alkymyndaky ak ýelejikleriň arasynda birlän-ikilän garamtyl ýelejik görünýän garagol jüýjesini kellesi bilen höwürtgäniň törüne tarap itiberip goýberýärdi. Jüýgüldäp höwürtgäniň ortarasyna düşýän bezzat bolsa hiç zat bolmadyk ýaly, ýene-de doganjygyny basalaşdyryp, höwürtgäniň erňegine dyrmaşyp ugraýardy. Onuň beýleki jüýjesini arkaýyn iýmlemäge maý bermän, garagolluk edip durmasyna ene guş gatyrganýardy. Bezzady kellesi bilen assaja hütüledip goýberýärdi. Emma ol ýene-de hötjetlik bilen enesine azar bermegini dowam edýärdi. Ol birahatlygy hem bezzatlygy sebäpli, hemişe ene guşuň kötegini iýer ýörerdi. Beýleki jüýjesi ene guş ýeke sapar döşüne kellesi bilen ýuwaşja kaksa ýa-da demir penjeleri bilen höwürtgäniň ortasyna oklasa ýeterlikdi. Esli wagtlap höwürtgäniň erňegine ýakynlamaga milt etmeýärdi. Emma bezzat jü

Nagmasy bar

Bahar gelse baglaň gülläp,Ýaz ýagşynyň ýagmasy bar.Käte asmanda gök gürläp,Jöwenekdir çabgasy bar. Dag başyna bulut çöküp,Çaýlar dolup, siller akyp,Ýagyş ýagansoň,Gün çykyp,Älemgoşar dogmasy bar.

Edebiýatymyzda orun alan şahyr

Türkmen halkynyň baý hem buýsançly taryhy bar. Halkyň ruhy dünýäsiniň kämilligi akyldarlarymyzyň, şahyrlarymyzyň edebi mirasynda aýan bolýar. Hindistanda ýaşap geçen Baýram han Türkmeniň hem-de onuň ogly Abdyrahym hanyň ömri we döredijiligi öwrenilmäge mynasypdyr. Asly Garagoýunly türkmenlerden bolan Muhammet Baýram han we onuň ogly Abdyrahym han Hindistanda Mogollar döwletini esaslandyrmakda hem-de berkitmekde örän uly hyzmatlary bitiripdirler. Olaryň harby sungatda görkezen nusga alarlyk edermenligi häzirki Hindistanyň taryhynda hem uly buýsanç bilen öwrenilýär. Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda nygtalýar hem-de hindi alymynyň Muhammet Baýram han Türkmeniň ömrüne we döredijiligine bagyşlap ýazan kitaby barada gürrüň gozgalýar.

Mugallym

Köp okap, köp ýazyp, köp biljek bolan,Bu eziz Watanyň mugallymy men!Zehin akabadan köp aljak bolan,Bu eziz Watanyň mugallymy men! Durmuşda hemişe şükürli boldum,Danalaryň paýhasyndan köp aldym,Şaha ýaýdym, topragymdan kök aldym,Bu eziz Watanyň mugallymy men!

Ýaz geldi

Göwünler galkynar, ylhamlar joşar,Bu ajap Diýara bahar-ýaz geldi.Gülleriň yşkyna bilbil saz goşar,Mähriban Diýara bahar-ýaz geldi. Toprak joşa geler, arşlar gümmürdär,Çeşmeler şildiräp, derýa lummurdar,Baglar pyntyk ýaryp, otlar pyşyrdar,Ajaýyp Diýara bahar-ýaz geldi.

Bagtyýarlyk döwrüne buýsanç

Bagtyýar ýaşaýan eziz ilim bar, Guwanyp ýaşalyň bagtyýar döwre! Parahatlyk, hoşniýetlik ýolum bar, Buýsanyp ýaşalyň bagtyýar döwre! Agzybirlik, parahatlyk mesgeni,Ata-babaň arzuw eýlän islegi, Dünýä içre Watan jandan ileri, Guwanyp ýaşalyň bagtyýar döwre!

Wagtyň gadyr-gymmaty

Ynsan üçin iň gymmatly baýlyk näme? Bu soraga akyldarlar: «Wagt altyndan hem gymmatly baýlykdyr» diýip jogap beripdirler. Eger-de wagtyňy bisarpa geçirseň, altynlaryny ýitiren adam bilen deňsiň. Wagt tolkunlap, batly akýan derýa meňzeşdir. Daşgyn derýany jylawlap, ynsan emrine boýun egdirip bolmaýşy ýaly, wagty-da jylawlap bolmaýar. Taryhyň saralan sahypalaryna seretseň, dünýä meşhur ärleriň, äleme meşhur alymlaryň, belli-belli şahsyýetleriň ençemesi bu dünýäden geçipdir. Taryhy şahsyýetleriň, ägirtleriň gaýraty bilen döredilen maddy hem-de ruhy gymmatlyklar Ýer ýüzünden nyşansyz ýitip gidibermändirler. Olar wagtyň ýowuz synagyndan geçip, nesilden-nesle ýetipdir. Emma wagt geçse-de, taryhda olaryň atlary, yzlary galypdyr. Wagt geçýär, döwür üýtgeýär. Wagtyň öňünde hemme zat ejiz gelýär... Şonuň üçin hem «Wagt dagy gemrer, suw — daşy» diýilýär. Häzir — tehnologiýanyň çalt depgin bilen ösýän döwründe wagt adamzat peýdasyna nähili hyzmat edýär? Adamzat wagtyň öňünde ejiz galyp gidibermelimi ýa-da wagtdan öňe düşmelimi? Bu soraga şeýle jogap bersek ýerlikli bolar. Wagty ynsan durmuşyna hyzmat etdirmegiň ýeke bir ýoly bardyr, ol hem hemişe ýagşy niýetler bilen ýaşamakdan, Watanyň ösmegi üçin eliňden gelen işleri etmekden, durmuşyň ilerlemegine öz goşandyňy goşmakdan, ylym-bilim almakdan, bir hünäriň eýesi bolmakdan, il-ýurduňa halal hyzmat etmekden, döretmekden we gurmakdan ybaratd

Seriňi durlaýan setirler

Şöhratparazlygyň bar ýerinde ýürekdeşlige orun ýokdur. *  *  *

Geliň, bir-birege şatlyk paýlalyň!

Adamlaryň her biriniň özboluşly häsiýet aýratynlygy bolýar. Bu göze görnüp duran zat däl. Adaty durmuşda ony duýubam bolanok. Emma täsin durmuş ýolunda bolup geçýän garaşylmadyk pursatlar göz açyp-ýumasy salymda adamlaryň häsiýet aýratynlyklaryny aýdyňlaşdyrýar duruberýär. Şeýle pursatlaryň käbirini ýatlap geçmegi makul bildim. Mundan ençeme ýyl ozal «Jygyldyk» diýlip atlandyrylýan bazarda bir eli egrä el telefonymy aldyrdym. Ol wagtlar el telefonynyň bahasy gymmatdy we kynlyk bilen tapylýan harytdy. Bu gün el telefony durmuşymyzyň her günki zerurlygy bolup durýar. Ol hemme kişi üçin elýeterli, ony diňe ulular däl-de, çagalaram ulanmagy başarýarlar.

Duýguly dünýä

BAHAR WE ADAM Ýazlar giň dünýäni sähel salymda Al-ýaşyl umyda örtüp çykar-da, Halys eňki agan agaçlar gülläp, Otjagazlar ýeri börtüp çykar-da,Ýumry-ýumşak, näzik kömelejiklerZynç ýaly topragy böwsüp çykar-da, Ýetirmäge balarynyň rysgynyMüň bir dürli güller ýeriň astyndanHüwwe galyp,                   müň bir öwsüp çykar-da...Ýeri, adam ogly, nämä gam çekýäň,Nämüçin elenýäň,                                AňşyrmaýarmyňBir Güýjüň-Gudratyň baryn ýokarda?!

Şygryýet çemeni

GELÄÝIPSIŇ Ýyllaryň ýygyrtly ýüzüni ýazyp,Geläýipsiň!Ötünç çogýar aýaňdan.Garaşmak endigim wadaň deý bozup,Özümi agtardym özge hyýaldan.

Yşk öwrümleri (Oýlanma)

Käşgä bu zatlary garşy alnyňa geçip aýtsam. «Hä» diýibem bölmeseň sözümi. Diňeje seredip dursaň. Aljyramak oýuma-küýüme gelmese şol wagt. Bir aýrylsa şu egnimden agyr ýük, bir ýeňlesem menem. Aýdanlaryma pitiwa edip-etmezligem öz işiň. Isle, ýer dyrma, isle-de, geň gör. Ýöne gitme! Hemme biynjalyklygy maňa goýşuň ýaly, ýekeje gezek onuň zerre bölejigini çekip göreriňi isleýän menem. Näderkäň şonda? Adam ömründe ýeke gezek söýýärmiş. Ýeke gezek dünýä gelýär, ýeke gezek söýýär, iň soňunda-da ýeke gezek ýaşamadyk ýaly hoşlaşýar hemme zat bilen... Ýeke zat kän-le dünýäde. Ýöne şol ýekeligiň içine şeýle bir kän zat sygaýýan eken welin, «ýekedir-ow şü» diýip äsgermezçilik edibermelem däl eken. Ony edil özi ýaly edip beýan etmäge entek-entek söz tapylar öýdemok. Taparynam öýdemok...

Eje (Goşgy)

Ýyly mähriň Günüň çogly kuýaşy,Men seniň nuruňdan güýç alýan, eje!Gamly günüm ýürek urar bikarar,Mährem ýüzüň görsem ynjalýan, eje! Ýakyn bolsak ýa bolsagam alysda,Mydam saňa söýgi-hormat bar, eje!Beren terbiýäňe, beren edebňe,Perzentleriň senden minnetdar, eje!

Täze kitap

ŞAHYR GÖZLERI BILEN BAKANDA ýa-da «Gözleriňe bakamdany» okap...