Wagtyň gadyr-gymmaty

1 Aprel 2021
1539

Ynsan üçin iň gymmatly baýlyk näme? Bu soraga akyldarlar: «Wagt altyndan hem gymmatly baýlykdyr» diýip jogap beripdirler. Eger-de wagtyňy bisarpa geçirseň, altynlaryny ýitiren adam bilen deňsiň. Wagt tolkunlap, batly akýan derýa meňzeşdir. Daşgyn derýany jylawlap, ynsan emrine boýun egdirip bolmaýşy ýaly, wagty-da jylawlap bolmaýar. Taryhyň saralan sahypalaryna seretseň, dünýä meşhur ärleriň, äleme meşhur alymlaryň, belli-belli şahsyýetleriň ençemesi bu dünýäden geçipdir. Taryhy şahsyýetleriň, ägirtleriň gaýraty bilen döredilen maddy hem-de ruhy gymmatlyklar Ýer ýüzünden nyşansyz ýitip gidibermändirler. Olar wagtyň ýowuz synagyndan geçip, nesilden-nesle ýetipdir. Emma wagt geçse-de, taryhda olaryň atlary, yzlary galypdyr. Wagt geçýär, döwür üýtgeýär. Wagtyň öňünde hemme zat ejiz gelýär... Şonuň üçin hem «Wagt dagy gemrer, suw — daşy» diýilýär.

Häzir — tehnologiýanyň çalt depgin bilen ösýän döwründe wagt adamzat peýdasyna nähili hyzmat edýär? Adamzat wagtyň öňünde ejiz galyp gidibermelimi ýa-da wagtdan öňe düşmelimi? Bu soraga şeýle jogap bersek ýerlikli bolar. Wagty ynsan durmuşyna hyzmat etdirmegiň ýeke bir ýoly bardyr, ol hem hemişe ýagşy niýetler bilen ýaşamakdan, Watanyň ösmegi üçin eliňden gelen işleri etmekden, durmuşyň ilerlemegine öz goşandyňy goşmakdan, ylym-bilim almakdan, bir hünäriň eýesi bolmakdan, il-ýurduňa halal hyzmat etmekden, döretmekden we gurmakdan ybaratdyr. Geliň, pikirlenip göreliň! Pifagor, Al-Horezmi, Alp Arslan, Togrul beg, Jelaletdin, Magtymguly, Seýdi, Zelili, G.Ezizow... ýaly taryhda yz goýan şahsyýetler özleriniň ajaýyp işleri bilen taryhymyzda atlary hiç haçan öçmejek şahsyýetler bolup tanalýarlar. Wagt olaryň adyna, eden işlerine öz täsirini ýetirip bilmändir. Çünki olar öz akyly, zehini, başarjaňlygy bilen wagtdan ozup ýaşapdyrlar. Wagt barada halk arasynda «Wagt gitdi — nagt gitdi», «Wagt her zady öwreder», «Wagtdan alanyň özüňki», «Wagty ganymat bil, ötse dolanmaz» ýaly ençeme nakyllar bar.

Seýýara SAPAROWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar