Ajygan däl, alňasan...(Hekaýa)

1 Aprel 2021
1194

Gurbanyň kiçigöwünliligi üçin ony köp adam gowy görerdi. Onuň bir häsiýeti bar, ol hem alňasaklygy. Ol haýsy işiň başyna barsa, işini tiz bitirjek bolup, çakganlykdan alňasaklyga geçäýýär. Bu aýratyn hem ulag dolandyranda ýüze çykýar. Şonuň üçin hem oba adamlary onuň adyny «Gurban tiz» diýip tutýarlar. Heniz ol çagaka-da tut çybygyny «at» edip, «çüw atym» diýip, şapadaňlap iliň öňündedi.

Sekizinji synpy tamamlanda, kakasy oňa welosiped alyp berdi. Gurban obalaryny etrap merkezi bilen birleşdirýän uly ýolda täzeje tigrini haýdadyp, göwün solpusyndan çykardy. Garaz, onuň arzuwy-höwesi tizlik, maksady çapyşyklarda ozmak boldy. Ene-atasy hem muňa baş galdyryp ýörmezdi. Hat-da bir gezek synpdaşy Merdanyň kakasy maşyn sürüp barýarka, tigirli onuň öňüne çolaşyp, ýeňil-ýelpaýrak şikes alanda-da, gaty bir käýäp durmadylar. Gaýta ejesi Annagül gelneje: «Gurban jan, tüweleme, beýlekilemden dogumlyja» diýip guwanardy.

Toýly ABDULLAÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň metbugat we habarlar bölüminiň jogapkär kätibi, polisiýanyň maýory.
Beýleki habarlar