Edebiýatymyzda orun alan şahyr

1 Aprel 2021
1011

Türkmen halkynyň baý hem buýsançly taryhy bar. Halkyň ruhy dünýäsiniň kämilligi akyldarlarymyzyň, şahyrlarymyzyň edebi mirasynda aýan bolýar. Hindistanda ýaşap geçen Baýram han Türkmeniň hem-de onuň ogly Abdyrahym hanyň ömri we döredijiligi öwrenilmäge mynasypdyr.

Asly Garagoýunly türkmenlerden bolan Muhammet Baýram han we onuň ogly Abdyrahym han Hindistanda Mogollar döwletini esaslandyrmakda hem-de berkitmekde örän uly hyzmatlary bitiripdirler. Olaryň harby sungatda görkezen nusga alarlyk edermenligi häzirki Hindistanyň taryhynda hem uly buýsanç bilen öwrenilýär. Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda nygtalýar hem-de hindi alymynyň Muhammet Baýram han Türkmeniň ömrüne we döredijiligine bagyşlap ýazan kitaby barada gürrüň gozgalýar.

Tylla GERMANOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar