Iki «Men» (Çeper oýlanma)

1 Aprel 2021
727

Diňe töweregimdäkileriň kemter gaýdýan ýerlerini düzedip ýörşüme, içimdäki «menler» mensiz halys başyna gidipdir. Özlerine ýüz berilmänsoň, haý-küş edilmänsoň, asyl olar tas depäme çykan eken. Hamala diýersiň, artykmaç ýaglaryň ýüregiňi dolap alşy ýaly. Wah, içimdäki ol iki «meniň» kiçisi ýeňse ne ýagşy welin, beýleki ulusynyň ýüregimi eýelemeginden gaty gorkýa. Kiçisi diýýänim hemişe meni köşeşdirýän, sabyr-kanagata, pespällige, sadalyga çagyrýan, diňe özümiň däl-de, beýlekileriň hem aladasyny etmegimi goldaýan, diňe ýagşy geljege umyt baglamagyma itergi berýän «men». Beýleki welin, onuň bütinleý tersine. Başyny dim-dik tutup, kiçi «meniň» edýänlerini hemişe ýazgaryp, «ilki bilen, özüňi bilmeli, özüňi gowy görmeli, özüňi söýmeseň, hiç kim seni söýmez» diýen ýaly pikirler bilen ýaşap ýören uly «men». Garaz, şu iki sany «meniň» içimde berç bolup gidenine eýýäm ep-esli wagt bolandyr. Özümi bilelim bäri şularam bar.

Aýal maşgala bolamsoň, gündelik aladalarym bilen asyl ol «menler» zerarly kellämi agyrdyp hem ýöremokdym. Olar nähili ýagdaýda, nädip ýaşap ýörler? Munuň bilenem aňsat-aňsat gyzyklanyp durmaýardym. Olaram özlerine aýratyn üns berilmegini talap edenok. Özbaşlaryna, saýlan ýörelgelerine eýerip, şonam sypdyrman ýaşap ýörler. Uruşýarlar, garpyşýarlar, ahyrynda, ýene ýaraşýarlar. Meniň bolsa işimem ýok, öz derdim başymdan agdyk. Ýöne, ynha, käte-käte olaryň arasynda şeýlebir dawa-jenjel başlanýar welin, asyl diýer-aýdar ýaly bolanok. Onsoň eliňi maňlaýyňa diräp, oýa batyp oturybermeli bolýaň. Haýsynyň tarapyny çalmaly, haýsynyň tanapyny çekmeli, galýaň bir alada. Içiňdäki ol göreşden ne ýoldaşyň, ne ene-ataň, ne-de dost-doganyň habary bar. Olar ony aňmazam, belki, «ýüzüň salyk görünýär-le» diýerlerem. Iş-aladalary bahana edinseň, olaryňam seniň bilen işleri bolmaz. Aslynda welin, içiň gyran-jyrandyr. «Kiçi men» bilen «uly men» öz aralarynda, baý, darkaş gurýandyr. Hersi öz tarapyna çekýär. Biri saga dyzaýar, beýlekisi sola. Biri öz diýenine tutsa, beýlekisem ony ýepbekläp, özüniňkini dogry etjek bolup dyrjaşýar. Hany, onsoň olara üns bermä bilşiňe üns berme. Haýsam bolsa biriniň tarapyny tutup, ol göreşi birýanýüzli edäýmeseň, asyl eliň işe barmaz. Soň nädersiň, çagalaryňy, hojalyk aladalaryňy bir gyra goýup, bar ünsüňi, oý-pikiriňi şolaň turuzýan dawa-jenjeline gönükdiräýseň. Içiňdäki zada erkiň ýetmese näme, «Hany boldy, bes ediň!» diýip, dawany çürt-kesik edip biläýjek ýalysyň welin, başa barmaz. Olaryň haýsam bolsa birini goldap, şony beýlekiden üstün çykarmaly. Ana, şonda köşeşerler. Ýogsam, başyňa düşen musallat bolar...

Tawus KAKAÝEWA,
«Watan» gazetiniň baş redaktory.
Beýleki habarlar