Geliň, bir-birege şatlyk paýlalyň!

31 Mart 2021
869

Adamlaryň her biriniň özboluşly häsiýet aýratynlygy bolýar. Bu göze görnüp duran zat däl. Adaty durmuşda ony duýubam bolanok. Emma täsin durmuş ýolunda bolup geçýän garaşylmadyk pursatlar göz açyp-ýumasy salymda adamlaryň häsiýet aýratynlyklaryny aýdyňlaşdyrýar duruberýär. Şeýle pursatlaryň käbirini ýatlap geçmegi makul bildim.

Mundan ençeme ýyl ozal «Jygyldyk» diýlip atlandyrylýan bazarda bir eli egrä el telefonymy aldyrdym. Ol wagtlar el telefonynyň bahasy gymmatdy we kynlyk bilen tapylýan harytdy. Bu gün el telefony durmuşymyzyň her günki zerurlygy bolup durýar. Ol hemme kişi üçin elýeterli, ony diňe ulular däl-de, çagalaram ulanmagy başarýarlar.

Temekgylyç HOŞANOW.
Beýleki habarlar