Ýazyjyny ýagşylykda ýatlap

1 Aprel 2021
1104

Garaşsyz Diýarymyzda ähli ulgamlaryň sanlaşdyrylmagy güýçli depginde alnyp barylýar. Munuň özi kitaphanalaryň işinde-de täzelenişi emele getirdi. Türkmen döwlet medeniýet institutyň mugallymlary we talyplary hem sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň kitaphanalary bilen işjeň aragatnaşyk saklaýar.

Ýakynda ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 115 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň, Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň, Magtymguly adyndaky merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň, welaýat kitaphanalarynyň wekilleriniň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlarydyr talyplarynyň gatnaşmagynda “Ýazyjylaryň paýhas düwünçeginden” atly onlaýn görnüşli söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlige Mary welaýatyndan Nurmyrat Saryhanowyň gyzy Orazjemal daýza, Nurmyrat we Azat atly agtyklary gatnaşyp, ýazyjynyň durmuşy, döredijiligi barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Orazjemal daýzanyň kakasyna bagyşlap döreden goşgusyny okap bermegi, agtyklarynyň bolsa 2017-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň Moldowa Respublikasyna saparynyň dowamynda Nurmyrat Saryhanowyň guburyna zyýarat edişleri, ol ýerde ýazyjynyň heýkeliniň oturdylandygy baradaky gyzykly ýatlamalary duşuşyga gatnaşanlarda ýakymly duýgulary döretdi.

Güljan ATAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar