"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Baharyň yşky

Buşlugny gök otlara boýap otyr ýazlarym,Perişdeleň öýmesin dakynypdyr läle-gül.Al asmanda uçup ýör joşan göwün guş ýaly,Bu jadyly paslyň tahallusy «Täze gün». Daşlary ýaryp çykar gülelekler, maýsalar,Perwanaň ganatyna atlanan ylham ýazym. Monjugatdy oýnasa ýaýla çykan joralar, Yşkyňa salyp gelýär syrlarny şirin sazym.

Türkmen alabaýy

Eziz Arkadagymyň, Beýik eserne giren,

Bedew

Seýkin basyp, bäri gelşiň, Ýatladýar uz gyzy, bedew!

Manysyny tirmegi okyja goýan rowaýatlarym

At gyzyklymy, aw Iki adam jedelleşipdir:

Täsin maglumatlar

Halkymyzyň asyrma-asyr kämilleşdirip gelen bedew atlary dünýä atçylygynyň iň naýbaşy nusgalarynyň biridir. Baryp-ha Aleksandr Makedonskiniň esgerleri-de bu ýerdäki gözel atlary iň gowy atlar hökmünde, bu ülkä bolsa gözel atlary ýetişdirýänleriň ýurdy hökmünde häsiýetnama beripdirler. Ahalteke bedewi tutuş jahan ýüzünde münüş atlarynyň iň gadymylarynyň biri hasaplanylýar. Bu atlaryň aňyrsy iki müň ýyl ozal Çyn-Maçynda (Hytaýda), Ýunanda (Gresiýada), Italiýada tanalýan eken.

At baradaky nakyllar

Irden turup ataňy gör, ataňdan soň — atyňy! Aty baryň ganaty bar.

Töhmet

(Bolan waka) Ol gara ýel bolup, harasat turan gijesiniň ertesi bölünen mallaryň yzyna düşüp geldi. Biziň itlerimiz bilen oňuşmaýan maňlaýy, bilekleri ak, galan ýeri gara bu it iki-üç günläp bize öwrenişmedi. Ýöne sürä möjek çozan gijesi welin, «Gurt gören itiň agzy bir” diýdirip, derrew itlere goşulyşdy.

Türkmen ruhunyň uçar ganaty

Ýetmiş bäş ýaşy arka atan Didarberdi Haýdar ogly bilen onuň agtygy Wepanyň bu günki söhbediniň ene ýap kimin «lummurdap» akmagyna onuň dile getiren şu sowaly sebäp boldy: — Ata, meşhur dal bedewlerimiziň özge ýurtlardaky ýetişdirilýän atlardan owadan hem ýyndam bolmaklary näme üçinkä?!

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine

WEPADARLYK HEÝKELI(Hekaýa)Düýn mugallym hormatly Prezidentimiziň Karary bilen okuwçylary tanyşdyryp, türkmen alabaýyna goýulýan sarpa, indi mundan buýana türkmen bedewleri bilen birlikde, türkmen alabaýynyň hem baýramynyň belleniljekdigini mälim edip, okuwçylary begendirdi. Ertirki sapakda itler barada durmuşda bolup geçen täsirli wakalary öwrenip gelmegi tabşyrdy. Şol pursatdanam, Sylapberdi atasynyň ýanyna howlukdy. Sekide enesi hemişeki endigine eýerip, igi bilen gümrady. Sylapberdiniň gele-gelmäne atasyny soramagy onuň elindäki igini goýduryp bilmedi.

Pişijek bilen gyzjagaz (Hekaýa)

Bu günlükçe öýüň işlerini boldum edip, çagalarymy ýuwundyryp, düşege geçirdim. Uluja gyzym ýerine geçip-geçmänkä: — Eje, erteki aýdyp beräý-dä? — diýip, gündelik haýyşyna başlady.

Gitse, gelermi ýa gelmez?! (Durmuş we biz)

Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda paýhas eleginden geçirip, geljekki nesillere miras goýan ertekileridir dessanlary, rowaýatlarydyr tymsallary, aýdymlarydyr beýleki halk döredijilik eserleri, dogry düşünip bilsek, bize ymgyr manyny, taýsyz paýhasy peşgeş berýär. Şol manyny aňyp, aýdyljak bolýan pikiri köpçülik bilen paýlaşmagy özüne bagt hasaplaýan ynsanlaryň makalalarydyr kitaplarynda birnäçe «bäh» diýdirýän düşündirişlere gabat gelýäris. Okyjylarymyz «Kaknus» atly hyýaly guşuň häsiýetlerini özünde jemleýän «Samandra» atly jandaryň barlygy (garrap tapdan düşen Samandra tokaýlarda döreýän ýangynda özüni oda urýar we gaýtadan ýaşarýar, Kaknus guşy bolsa, ýumurtgasyndan jüýje çykmaga golaýlanda, onuň üstünde saýramaga başlaýar we öz-özünden ýanyp küle öwrülýär, şol külüň gyzgynyna hem ýumurtgany ýaryp, täze Kaknus guşy döreýär) ýa-da hemmämize tanyş gahryman Böwenjigiň adynyň biziň bedenimizde bar bolan «böwen» atly bir synadygy hakynda okan bolsalar gerek. Şeýle maglumatlary özünde jemleýän gymmatly kitaplaryň birinde ertekidir rowaýatlarda gabat gelýän üç ýol, ýagny «Gitse, geler», «Gitse, gelmez», «Gitse, geljegi gümana» diýlip atlandyrylýan ýollar barada şeýleräk düşündiriş berlipdir. «Gitse, geler» diýlip atlandyrylýan ýol — şu gün, «gitse, geljegi gümana» — ertir, «gitse, gelmez» diýlip atlandyrylýan ýol bolsa düýn, ýagny geçmiş bolmaly. Onda näme üçin ertekilerdäki baş

Nädip döwran gelmesin

Gözel ŞAGULYÝEWA,Türkmenistanyň Gahrymany. Adamlygny çalşyp bilmez zat bilen,Tanalar obada ýagşy at bilen,Gün mydary geçse kanagat bilen,Garyp göwne nädip döwran gelmesin?!

Beýik şahyrly halk

Ukrainanyň sungatda at gazanan işgäri, Ukrainanyň milli Ýazyjylar birleşiginiň agzasy, şahyr hem terjimeçi Alekseý Kononenkonyň ady türkmen okyjylaryna ozaldan tanyşdyr. Ol uzak ýyllaryň dowamynda türkmen ýazyjy-şahyrlary bilen ýakyn aragatnaşyk saklap, türkmen nusgawy we häzirki zaman şahyrlarynyň eserlerini ukrain diline terjime etdi. 2014-nji ýylda Alekseý Kononenko türkmen-ukrain edebi gatnaşyklaryny ösdürmekde hem-de Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ukrain diline terjime etmekde bitiren hyzmatlary üçin hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Magtymguly Pyragy» ýubileý medaly bilen sylaglandy. Biz gazetimiziň şu sanynda güneşli ýurdumyzyň dosty Alekseý Kononenkonyň iberen makalasyny okyjylarymyza ýetirýäris.

Aşgabat

Ak günleriň, ak ýollaryň buşlugy,Adyňdadyr bagtymyzyň joşguny,Ýazlar bilen gelen ömrüň hoşlugy,Akhanyň, asmanyň nury, Aşgabat! Begler münen bedewleriň nusgasy,Gözleriňde gözelligiň gudraty,Baharlaryň, säherleriň sungaty,Gadamlaryň dünýä sary, Aşgabat!

Şygryýet

Söz parlak Gündür,ol ýüreklerde dogup,asyrlary ýagtyldýandyr. Taryhdan parça

Ýürek syry

Nargül ýokary okuw mekdebinde okap ýörkä, şeýle bir ylym-bilime berildi welin, asyl-ha ol ylymdan başga bir gyzykly, özüne çekiji bir zat bardyr öýdüp pikir hem etmeýärdi. Ol özi bilen bile okaýan ýigitlerdir gyzlara diňe ylymda ýüze çykan täze ugurlar barada gyzykly gürrüň berýärdi. Bu maglumatlary internet arkaly okap, özleşdirip, «Bä, şuny-ha oba hojalygynda ulansaň, tüýs jüpüne düşäýjek» diýip, örän begenýärdi. Ol okuw meýilnamasyndan daşgary, ylymda ýüze çykan täzeliklerden hem habarlydy. Bile okaýan ýoldaşlary käte: — Nargül, sen özüňdäki munça täzelikleri oba hojalygyna ornaşdyryp ýetişip bilermiň? — diýip degişýärdiler.

Ýazyjynyň gündeliginden

Gowy döwür gowy eserleri ýazmaga ruhlandyrýar. Döwrüňden, durmuşyňdan razy bolmak kän-kän oňat eserleri döretmekde ylham çeşmesidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen medeniýetini, edebiýatyny ösdürmek, dünýä ýüzüne ýaýmak baradaky alkyşa mynasyp tagallalary ýazyjy-şahyrlaryň kalbyna buýsanç berýär. Ösüşleriň, üstünlikleriň ýazyja näderejede ylham berýändigini bilmek üçin onuň döredýän eserini okaýmaly. * * *

Garagüne (hekaýa)

Obamyzda Garagünäniň maňlaýyny sypamadyk ýekeje adamam tapmarsyň. Asla oňa dahylsyz hojalygam ýokdur. Toý-tomgy bolsa-ha «Gelniň aýagy düşsün» diýip, Garagünä mündürip getirýärler. Çagalaryň dişleri gaçsa-da, owlak-guzynyň däl-de, Garagünäniň yzyna gömýärler. Gülsün eje-de tamdyryň agzyny Garagünäniň guýrugynyň gyllary bilen suwaýar. Şeýle etseň, tamdyryň agzy berk, opurylmazak bolýar. Garaz, obamyz hemme edim-gylymlaryny Garagünä ýanaýar. Ýelli ýetişikliniň gullukdan gelen ikinji ogly ilki öýlenmän kän gezdi. Ahyry Garagüne düýşüne girenden soň öýlendi. Şonda obamyzyň adamlary: «Janawar düýşüňe girse-de boş geçenok, myradyňa ýetirýär» diýişdiler. Gaýraky obanyň öýlenip bilmän ýören oglanlaram Garagünäni düýşünde görjek bolup, oň daşynda kän aýlandylar. Esasy aýtmaly zadam, Garagünäniň deminiň düşýän ýerinde ýekeje at hem öňbaýragy arzuw edip bilmeýär. Onsoň özüň biliber onuň neneňsi atdygyny. Men muňa diýseň begenýärin hemem ony gören wagtym agzyny süýjütmek üçin, süýji zady agzyna tutdurýan. Garagüne muňa hoşal bolup çalaja kişňeýär. Onuň kişňemesem meni özüne çekýär. Ol ýeke ýyndamlykda däl, owadanlykda-da öňüne at geçirmeýär. Araky wakadan soň-a ol hemmelere-de aýan boldy.

Ynsanperwerlik — şygryýetiň bossany

Türkmen halkynyň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň eserlerinde atlaryny hormat bilen agzaýan söz ussatlarynyň biri bolan Sagdy Şirazy özüniň çeper hem çuň mana ýugrulan nepis sözlerden sünnälenip ýazylan eserleri bilen dünýä edebiýatynda, adamzat taryhynda öçmejek yz galdyrmagy başarypdyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda goňşy döwletler bilen gadymdan gelýän hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalanýar. Bu ugurda goňşy Eýran Yslam Respublikasy bilen hem özara bähbitli ägirt uly işler amala aşyrylýar. Doganlyk-dostlukly, ynsanperwerlikli gatnaşyklaryň giň gerimli ösüşinde ylmy-medeni gatnaşyklara möhüm orun degişlidir. Çünki ylym we medeni baýlyklar iki halkyň hem şöhratly taryhynyň, geçmiş mirasynyň beýik buýsanjyny özünde jemleýär.

Haýyrly gürrüňler

Her ýyl mukaddes Oraza aýy gelende, enemden eşiden bir rowaýatym ýadyma düşýär. Agyz beklemek parzy baradaky bu rowaýaty okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildim. Pygamberimiziň döwründe Oraza aýynda agzy bekli bendeler agzaçar wagty golaýlanda, bir saçagyň başyna üýşüpdirler. Şonda pygamberimiz iki adama seredipdir-de: «Size rugsat, siz wagtyndan ir iýip-içmäge başlap bilersiňiz!» diýipdir. Munuň sebäbini soranlarynda: «Siz bu gün gybat etdiňiz, gybat agzy bekli adamyň orazasyny açýandyr» diýip jogap beripdir.