Garagüne (hekaýa)

15 Aprel 2021
902

Obamyzda Garagünäniň maňlaýyny sypamadyk ýekeje adamam tapmarsyň. Asla oňa dahylsyz hojalygam ýokdur. Toý-tomgy bolsa-ha «Gelniň aýagy düşsün» diýip, Garagünä mündürip getirýärler. Çagalaryň dişleri gaçsa-da, owlak-guzynyň däl-de, Garagünäniň yzyna gömýärler. Gülsün eje-de tamdyryň agzyny Garagünäniň guýrugynyň gyllary bilen suwaýar. Şeýle etseň, tamdyryň agzy berk, opurylmazak bolýar. Garaz, obamyz hemme edim-gylymlaryny Garagünä ýanaýar.

Ýelli ýetişikliniň gullukdan gelen ikinji ogly ilki öýlenmän kän gezdi. Ahyry Garagüne düýşüne girenden soň öýlendi. Şonda obamyzyň adamlary: «Janawar düýşüňe girse-de boş geçenok, myradyňa ýetirýär» diýişdiler. Gaýraky obanyň öýlenip bilmän ýören oglanlaram Garagünäni düýşünde görjek bolup, oň daşynda kän aýlandylar. Esasy aýtmaly zadam, Garagünäniň deminiň düşýän ýerinde ýekeje at hem öňbaýragy arzuw edip bilmeýär. Onsoň özüň biliber onuň neneňsi atdygyny. Men muňa diýseň begenýärin hemem ony gören wagtym agzyny süýjütmek üçin, süýji zady agzyna tutdurýan. Garagüne muňa hoşal bolup çalaja kişňeýär. Onuň kişňemesem meni özüne çekýär. Ol ýeke ýyndamlykda däl, owadanlykda-da öňüne at geçirmeýär. Araky wakadan soň-a ol hemmelere-de aýan boldy.

Öwezmyrat ÝERBENDI.
Beýleki habarlar