Gitse, gelermi ýa gelmez?! (Durmuş we biz)

16 Aprel 2021
1178

Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda paýhas eleginden geçirip, geljekki nesillere miras goýan ertekileridir dessanlary, rowaýatlarydyr tymsallary, aýdymlarydyr beýleki halk döredijilik eserleri, dogry düşünip bilsek, bize ymgyr manyny, taýsyz paýhasy peşgeş berýär. Şol manyny aňyp, aýdyljak bolýan pikiri köpçülik bilen paýlaşmagy özüne bagt hasaplaýan ynsanlaryň makalalarydyr kitaplarynda birnäçe «bäh» diýdirýän düşündirişlere gabat gelýäris. Okyjylarymyz «Kaknus» atly hyýaly guşuň häsiýetlerini özünde jemleýän «Samandra» atly jandaryň barlygy (garrap tapdan düşen Samandra tokaýlarda döreýän ýangynda özüni oda urýar we gaýtadan ýaşarýar, Kaknus guşy bolsa, ýumurtgasyndan jüýje çykmaga golaýlanda, onuň üstünde saýramaga başlaýar we öz-özünden ýanyp küle öwrülýär, şol külüň gyzgynyna hem ýumurtgany ýaryp, täze Kaknus guşy döreýär) ýa-da hemmämize tanyş gahryman Böwenjigiň adynyň biziň bedenimizde bar bolan «böwen» atly bir synadygy hakynda okan bolsalar gerek.

Şeýle maglumatlary özünde jemleýän gymmatly kitaplaryň birinde ertekidir rowaýatlarda gabat gelýän üç ýol, ýagny «Gitse, geler», «Gitse, gelmez», «Gitse, geljegi gümana» diýlip atlandyrylýan ýollar barada şeýleräk düşündiriş berlipdir. «Gitse, geler» diýlip atlandyrylýan ýol — şu gün, «gitse, geljegi gümana» — ertir, «gitse, gelmez» diýlip atlandyrylýan ýol bolsa düýn, ýagny geçmiş bolmaly. Onda näme üçin ertekilerdäki baş gahrymanyň «gitse, gelmezi» saýlaýandygy barada hemişe oýlanýardym. Özem «Hüýrlukga — Hemra» ýaly nusgalyk derejesine ýeten dessanlarymyzda, halk ertekilerimizde hem şol ýagdaý duşýar. Hemra Bilbilgöýäniň gözlegine gideninde şol üç ýoluň çatrygyndaky saýlawda «gitse, gelmez» diýlip atlandyrylan ýoly saýlamaýarmy näme?! Diýmek, ol geçmişi saýlapdyr. Bu gün şol epizoddan özümçe netije çykarýaryn. Ýagny «gitse, gelmez» diýlip atlandyrylýan ýola — geçmişe gitmek ol ýerde göçme manyda berlip, baş gahryman ol ýoly saýlamak bilen geçmişe, taryha salgylanýar. Taryha «gidýär» we ol ýerden özüne gerekli jogaby tapyp hem, ýeňiş bilen yzyna dolanýar. Bu bölejik epizodyň üsti bilen islendik bir işde taryha salgylanmak, mundan öňki tejribelere geňeşmekligiň gerekdigi aýdylýar. Geçmişden ugur alyp, oňa salgylanyp, agyr taryhyň derslerinden oňat sapak alyp, islendik bir işe başlaýan adam, halk, millet ýalňyşmaýar. Hut ata-babalarymyzyň baý mirasyna, durmuş tejribesine, olaryň şan-şöhratly geçmiş taryhyna ýüzlenmeklik, ony özümize görelde mekdebi edinmeklik bize durmuşda gabat gelen we geljek kynçylyklardan, çykgynsyz ýagdaýlardan baş alyp çykmaga, ugur tapmaga itergi berýär.

Tagangül SEÝITMÄMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
Beýleki habarlar