Ýürek syry

15 Aprel 2021
1140

Nargül ýokary okuw mekdebinde okap ýörkä, şeýle bir ylym-bilime berildi welin, asyl-ha ol ylymdan başga bir gyzykly, özüne çekiji bir zat bardyr öýdüp pikir hem etmeýärdi. Ol özi bilen bile okaýan ýigitlerdir gyzlara diňe ylymda ýüze çykan täze ugurlar barada gyzykly gürrüň berýärdi. Bu maglumatlary internet arkaly okap, özleşdirip, «Bä, şuny-ha oba hojalygynda ulansaň, tüýs jüpüne düşäýjek» diýip, örän begenýärdi. Ol okuw meýilnamasyndan daşgary, ylymda ýüze çykan täzeliklerden hem habarlydy. Bile okaýan ýoldaşlary käte:

— Nargül, sen özüňdäki munça täzelikleri oba hojalygyna ornaşdyryp ýetişip bilermiň? — diýip degişýärdiler.

Şöhrat MÜLKIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar