"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Il alkyşyna mynasyp

Ýagşylygy arzuwlap, gowulyklary ündeýän halkymyz ýaşaýşyň gymmatyny saglykda görýär. Munuň şeýledigine pähimdar pederlerimiziň bu bahasyz baýlyk bilen bagly döreden «Giň bolsaň, kem bolmaz, saglykdan özge dem bolmaz», «Saglyk — baýlyk», «Abraý isleseň, köp diýme, saglyk isleseň, köp iýme», «Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat — zat» diýen ýaly çuňňur parasada ýugrulan atalar sözlerinidir aýtgylary döredipdirler. Adamlaryň säher bilen birek-birege duşanlarynda: «Sag-aman ördüňizmi? Oba-gara saglykmy? Saglykda görşeli!» diýip, hal-ahwal soraşmaklary hem ýokarda diýlenleri tassyklaýar. Berdimyrat saglygyň gadyryny bilýän, ony goraýan maşgalada kemala geldi. Eýýäm mekdepde okap ýörkä, ynsan saglygy, ony goramagyň ähmiýeti hakynda çynlakaý oýlanyp ugrapdy. Hut şol ýyllarda hem onda lukman bolmak, näsaglary bejermek höwesi döredi. Şol höwes hem ony Aşgabadyň lukmançylyk ýokary okuw mekdebine getirdi, 1979 ― 1984-nji ýyllarda baýry okuw mekdebinde çuňňur bilim alyp, umumy bejergi lukmany hünärine eýe boldy. Başda welaýat merkezinde hünär kämilleşdiriş tejribeligini geçenden soňra dogduk mekanynda ― Dänew etrabynyň Bereket oba saglyk öýünde iç keselleri lukmany bolup işe başlady. Bu ýerde sanlyja ýyl işländen soňra, Seýdi şäherindäki hassahananyň iç keselleri bölümine işe geçdi. Ine, şondan bäri hem Berdimyrat Geldiýew şol ýerde ak ýürek bilen zähmet çekip gelýär. Köp ýyllaryň

Sagdynlygyň wajyp şerti

Häzirki wagtda dowam edýän güýz pasly howa şertleriniň dürli-dürlüligi bilen tapawutlanýar. Saba-säherleri salkyn, günortan çagy güneşli, agşamara sergin howaly güýz günlerinde her birimiziň saglygymyza seresaply çemeleşmegimiz zerurdyr. Sebäbi howanyň üýtgäp durmagy zerarly möwsümleýin ýokanç keselleriň ýüze çykmak ähtimallygy artýar. Parasatly pederlerimiziň: «Bedeni berkitmegiň we sagalmagyň wajyp şertleriniň biri sagdynlyga ymtylmakdyr» diýip belleýişleri ýaly, biz ýönekeý düzgünleri, sagdyn durmuş ýörelgesini yzygiderli berjaý etmek bilen, bedenimiziň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýarys.

Saglygyň gadyryn bilgil …

Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygy babatdaky tertip-düzgünleri berjaý ediň! Elleriňizi arassa saklaň! Daşaryk çykmazdan, jemgyýetçilik ýerlerine barmazdan öň, hökman burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaly. Ýiti respirator keseliň alamatlary asgyrmak, üsgürmek, bokurdagyň nemli bardasynyň gyzarmagy, burnuň dykylmagy, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, endam-janyň agyryp, üşütmegi we işdäniň kesilmegi ýaly ýagdaýlar bilen ýüze çykýar.

Türkmenistan — sagdynlygyň hem bagtyýarlygyň mekany

Türkmenistan — sagdynlygyň, ruhubelentligiň, dost-doganlygyň hem ösüş-özgerişleriň mekany. Bu — tutuş dünýäde ykrar edilen hakykat. Dünýä ykraryýetiniň aňyrsynda bolsa, alym hem lukman Arkadagymyzyň amal eden beýik işleri, asylly başlangyçlary, olary buýsanç bilen dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary ýatyr. Bu bolsa il saglygyny ýurt baýlygyna deňän pähimli pederlerimiziň asylly däp-dessurlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem täze röwüşde, mynasyp derejede dowam etdirilýändigini aýdyňlygy bilen delillendirýär. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, döwrüň täze talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, şeýle-de bu ulgamy sanlylaşdyrmak ugrunda ägirt uly maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda saglygy goraýyş ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlygyň barha pugtalandyrylmagy esasynda dünýäniň ösen tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap lukmançylyk merkezleriniň ençemesi gurlup ulanylmaga berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň lukmançylyk merkezlerinde zähmet çekýän, kärine ökde hünärmenler üçin döredýän giň mümkinçilikleri esasynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy durmuşa geçirilip, ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesi üpjün edilýär.

Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, arassa agyz suwuny ýeterlikli mukdarda kabul etmeli. Güýz paslynyň talaplaryna laýyklykda geýniň. Burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalyň!

Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy

10-njy oktýabr Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň günüdir Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilip,  ulgam ähli taraplaýyn ösdürilýär. Muny bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli tutumly işler subut edýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda durmuşa geçirilýän işler raýatlaryň saglygyny goramak bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda keselleriň öňüni almak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, anyklaýyş-bejeriş işlerini kämilleşdirmek, döwrebap lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen, olary ylmyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan enjamlar bilen üpjün etmek, öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak, derman senagatyny ösdürmek babatda edilýän tagallalaryň hem aladalaryň netijesinde ata Watanymyz sagdynlygyň mekanyna öwrüldi. Arkadagly Serdarymyz: «Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan işlerimiziň esasyny düzýär. Sebäbi jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýip belläp geçýär. Şundanam görnüşi ýaly, paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarda dünýä hil ülňülerine gabat gelýän saglygy goraýyş edaralary gurulýar w

Sagdynlyk — bagtyýarlygyň kepili

Ajaýyp döwrümizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenip, sagdyn ýaşlaryň kemala gelýändigi buýsandyrýar. Munuň özi döwletimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, bedenterbiýe we netijeli sporty ösdürmek, raýatlaryň sagdyn ýaşamaklary üçin ähli şertleri döretmek barada amala aşyrylan işleriň netijesidir. Gözel Diýarymyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň many-mazmuny ynsan saglygy, sagdyn durmuş hakyndaky alada ýugrulandyr.  Saglygy goraýyş babatdaky kanunçylyk pugtalandyrylýar, täze kanunlar kabul edilýär we kämilleşdirilýär. «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda», «Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýlekiler, «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça Milli maksatnama, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa, Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama durmuşyň gözelligi bolan sagdynlyk ýörelgeleriniň dabaralanýandygyny görkezýär.

Saglyk — iň uly baýlyk

Saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak arkaly ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üns berilýän esasy ugurlaryň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan kemal tapan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, hemmetaraplaýyn düýpli özgertmeler ulgamy tutuşlygyna gurşap aldy. Şonuň netijesinde lukmançylyk işine dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri hem-de döwrebap tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylyp, uly üstünlikler gazanyldy. Döwlet derejesinde edilýän aladalaryň, berilýän goldawlaryň netijesinde paýtagtymyzda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurluşygy dowam etdirilip, Halkara iç keselleri, Halkara «Ene mähri» we Halkara saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň we Stomatologiýa merkeziniň düýbi tutuldy. Derman senagaty ösdürilip, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan kärhanalar döredilýär. Keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeler milli saglygy goraýyş ulgamyna giňden ornaşdyrylýar.

Saglygyň gadryny bilgil …

Sport bilen meşgullanyň! Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin, sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, kadaly iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli, ýöne derli, öl saçly daşaryk çykmaly däl. Öýden çykylanda, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmagy endik edinmeli.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe

Il saglygy — ýurt baýlygy Güneşli Diýarymyzda ilatymyzyň saglygyny goramak, milli lukmançylyk ulgamyny hil taýdan kämilleşdirmek we ilata elýeterli etmek arkaly adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, keselleriň öňüni almak, halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Başymyzyň altyn täji

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, soňky wagtda keselleriň sanynyň, görnüşiniň artmagy saglygy goraýyş işgärleriniň, alymlaryň ünsüni çilime, çilimkeşlige çekdi. Barlaglar keselleriň döremegine, esasan, çilimiň sebäp bolýandygyny, onuň tüssesinde iki müňe golaý birleşme bolup, olaryň kyrka golaýynyň adamyň saglygy üçin has howp salýandygyny ýüze çykardy. Çilim çekýän adam temmäki tüssesi bilen bilelikde sinil kislotasyny, kömürturşy gazyny, myşýagy, kükürtli wodorody, ammiagy, efir ýagyny, benzipireni, has erbedi hem poloniý ýaly radioaktiw elementleri we adam bedenine zyýanly bolan beýleki himiki maddalary öz endamyna siňdirýär. Nikotin agzyň, burnuň, aşgazanyň, içegeleriň, öýkeniň nemli bardalary tarapyndan özleşdirilýär we bütin bedene ýaýraýar. Umuman, temmäki önümleri adam bedeniniň ähli agzalaryna zyýanly täsir edýär. Raýatlaryň temmäki önümlerini ulanmagynyň öňüni almak we oňa bagly bolan raýatlary bejermegiň häzirki zaman usullaryny giňden öwrenmek, çilimi taşlamagyň usullaryny öwretmek, temmäki önümleriniň howply täsiri barada ilat arasynda giňden wagyz-nesihat işlerini ýerine ýetirmek maksady bilen, 2021-nji ýylda «Ynam» merkezini döretmek barada Düzgünnama tassyklanyldy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolşy ýaly, welaýatymyzyň narkologiýa hassahanasynda hem «Ynam» otagy döredildi. «Ynam» merkezimiz raýatlaryň ýüztutmalaryny aýan etmezden masl

Bedene ýumurtgasynyň peýdasy

— igli çagalary, gartaşan adamlary, kesele garşy durup bilijiligi peselen syrkawlary gurplandyrýar; — çagalaryň akyl ukybyna oňyn täsir edýär;

Derde melhem

Kädi adam bedeninde alyş-çalyş hadysalaryny kadalaşdyrýar, iýmit siňdirişi çaltlandyrýar. Yzygiderli kabul edilende uglewod çalşygyny, öt ýollarynyň, bagryň, aşgazan-içege ulgamynyň işjeňligini kadalaşdyrýar. Düzüminde köp mukdarda ösümlik ýaglaryny saklaýandygy sebäpli, kädi bedenden zyýanly galyndylaryň, gandaky holesterinleriň tiz çykarylmagyna ýardam edýär. Kädi hamyla gelinler, 7 — 10 aýlyk we ondan ýokary ýaşdaky çagalar üçin hem iňňän peýdalydyr. Lukmanlar ýürek-damar ulgamynyň kesellerinden ejir çekýän adamlara howurpeçde taýýarlanylan kädiniň 200 — 250 gram möçberini yzygiderli iýmegi maslahat berýärler.

Ykjam telefonlary nädip ulanmaly?

Käbir düzgünler gyşarnyksyz berjaý edilende, ykjam (mobil) telefonlaryň bedene zyýanly täsirini azaltmak mümkindir. Ykjam telefonda bir gezekde 5 minutdan artyk gepleşmek maslahat berilmeýär. Ykjam telefony mümkin boldugyndan özüňden uzakda saklamaly. Ulagda el telefonlaryny ulanmakdan saklanmaly. Sebäbi metal korpusdan serpigip gaýdýan elektromagnit meýdanynyň täsiri has güýçli bolýar. Ýatanyňda ykjam telefony özüňden azyndan 1 metr uzaklykda goýmaly. Iň gowusy başga ýerde saklamaly. Ykjam telefonda gürleşeniňde, ony gulagyňdan 2-3 santimetr uzaklykda saklamaly. Hamyla aýallara öýjükli el telefonlaryny köp ulanmak maslahat berilmeýär. Jaňyň oňat tutmaýan ýa-da gepleşmek kyn bolan ýerlerinde (ýerzeminde, otluda, uçarda) öýjükli el telefonlaryny ulanmakdan saklanmaly. Çünki bu ýagdaýlarda enjamyň öz işini ýerine ýetirmegi kynlaşýar. Netijede, ol artykmaç şöhle goýberip başlaýar. Çagalara (iň bolmanda 10 ýaşa çenli) öýjükli el telefonlaryny ulanmaga rugsat bermeli däl. Ykjam telefonlaryň täsirini azaldýan azyk önümlerini peýdalanmaly. Gök çaý şöhle kesellerine garşy güýçli täsir edýär. Esasan, telefonda gürleşilende, telewizora tomaşa edilende ýüze çykýan ses tolkunynyň täsirini aýyrýar. Antikanserogen (rak keselini dörediji maddalara garşy) we antioksidant häsiýetli mikroelementlere (ýod, kaliý, kalsiý, mis, selen, sink) witaminlere baý önümlere (kelem, käşir, ýeralma, gara gara

10-njy oktýabr ¬— Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni

Halkyň saglygy — ýurduň ösüşi hem baýlygy Saglyk ulgamy boýunça ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda uly işler bitirilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglyk edaralary gurlup, ulanylmaga berilýär. Olar ýokary hilli lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilýär. Şeýle-de, ýurdumyzyň çäginde hereket edýän, öňden bar bolan saglyk merkezleridir öýleriniň durky düýpgöter täzelenip, döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle tutumly işleriň amala aşyrylmagy saglyk ulgamynda zähmet çekýän ak ýektaýly lukmanlarymyzy, diýseň, begendirýär.

Ynsanyň baş baýlygy

Saglygyň gadryny bilgil... Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk kadalaryny we düzgünlerini berk berjaý ediň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň!

Badat

Güýz günlerinde howanyň durnuksyzlygy, üýtgäp durmagy adamlarda gowuşgynsyzlyk emele getirýär. Şol sebäpden güýz möwsüminde bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirmek hem-de nähoşluklara uçramazlyk üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, kabul edilýän iýmitiň dürli witaminlere, ýokumly serişdelere baý bolmagyny gazanmaly. Dürli miweleriň, bakjadyr gök önümleriň bol hasyl berýän möwsümi bolan güýzde dürli witaminlere baý bolan badadyň peýdasy barada bellemek hem täsirli bolar. Badadyň düzümi B witaminler toplumyna, A, C, E, K witaminlerine, kaliý, kalsiý, magniý ýaly mikroelementlere, beloga, kletçatka baýdyr. 100 gram badatda adam bedenine gerek bolan A witamininiň iki günlük mukdarynyň bolmagy bu önümiň düzüminiň, aýratynam, A witamininiň gözbaşydygyny görkezýär. Bu witamin bolsa gözüň görejiniň ýiti bolmagy, deriniň sagdynlygy üçin örän wajypdyr. A witamini deride ýaranyň çalt bitmeginde hem ähmiýetlidir. Şeýle-de ösümlik antioksidant häsiýete eýedir. Bir çig badatda bir günde kabul edilmeli C witaminiň ýeterlik mukdary bardyr. Badat damarlaryň diwarjyklaryny berkidýär we gan basyşynyň kadalaşmagyna täsirini ýetirýär. Ondaky ösümlik süýümleri aşgazan-içege ulgamynyň kadaly işlemegine getirýär.

Güýz paslynda sagdynlygyň kadalary

Möwsüm çalyşýan döwründe, ýagny güýzde, il içinde aýdylyşy ýaly pasyldan-pasla geçilýän döwründe, bedeniň kesellere garşy durup bilijilik ukyby peselýär. Bu bolsa adam bedeninde käbir özgerişlikleriň bolup geçmegine hem-de adamlaryň arasynda möwsümleýin döreýän ýiti respirator ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Ýiti respirator ýokanç keseli ýokary dem alyş ýollarynyň zeperlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Ýiti respirator ýokanç keseli köplenç birden duýdansyz başlanyp, bedeniň gyzgyny ýokarlanýar, myşsalarda, kellede, el-aýaklarda we onuň bogunlarynda agyry peýda bolýar, umumy gowşaklyk bolup, burun dykylyp suw akýar, kä halatlarda göz ýaşarýar, işdä peselýär. Ony bejermekde esasy wajyp zat keseli çalt we dogry anyklamakdyr. Şeýle ýagdaýda näsag hassahana ýerleşdirilmelidir ýa-da öý şertinde bejergi alyp, lukmanyň gözegçiliginde bolmalydyr.

Hoşallyk maslahaty geçirildi

Welaýat köpugurly hassahanasynda hormatly Prezidentimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň uly üstünliklere beslenmegi mynasybetli welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa welaýatymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde öňe süren teklipleri saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleriniň arasynda hem gyzgyn goldawa eýe boldy. Şonuň ýaly-da, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen bilelikde ynsan saglygyny goramak babatynda sazlaşykly işleri alyp barýar. Ýurdumyz bu ugurda baý tejribe toplap, ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we ýok etmekde ýokary netijeleri gazanýar.

Oňyn özgertmeler — ösüşe binýat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly wakalary taryhyň gatlaryndan mynasyp orun alyp, ýurdumyzyň ynamly gadamlar bilen ösüşiň täze belentliklerine çykýandygyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işler, durmuşa geçirilýän il bähbitli beýik özgertmeler, gazanylýan uly zähmet üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň özboluşly dowamy bolmak bilen, Arkadagly Serdarymyzyň öňe süren «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarynyň adamlaryň abadan we bolelin ýaşaýşynda öz aýdyň beýanyny tapýandygyny görkezýär. Milli Liderimiziň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Döwletimiz il saglygyny ýurt baýlygyna deňäp, bu ugurda adam hakdaky hakyky aladanyň belent nusgasyny görkezýär. Her ýyl ýurduň baş maliýe meýilnamasy — Döwlet býujeti işlenip düzülende, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanylýan ynsan saglygyny goramak bilen