Güýz paslynda sagdynlygyň kadalary

3 Oktýabr 2023
810

Möwsüm çalyşýan döwründe, ýagny güýzde, il içinde aýdylyşy ýaly pasyldan-pasla geçilýän döwründe, bedeniň kesellere garşy durup bilijilik ukyby peselýär. Bu bolsa adam bedeninde käbir özgerişlikleriň bolup geçmegine hem-de adamlaryň arasynda möwsümleýin döreýän ýiti respirator ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Ýiti respirator ýokanç keseli ýokary dem alyş ýollarynyň zeperlenmegi bilen häsiýetlendirilýär.

Ýiti respirator ýokanç keseli köplenç birden duýdansyz başlanyp, bedeniň gyzgyny ýokarlanýar, myşsalarda, kellede, el-aýaklarda we onuň bogunlarynda agyry peýda bolýar, umumy gowşaklyk bolup, burun dykylyp suw akýar, kä halatlarda göz ýaşarýar, işdä peselýär. Ony bejermekde esasy wajyp zat keseli çalt we dogry anyklamakdyr. Şeýle ýagdaýda näsag hassahana ýerleşdirilmelidir ýa-da öý şertinde bejergi alyp, lukmanyň gözegçiliginde bolmalydyr.

Güljan BEKIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň redaktory.
Beýleki habarlar