Oňyn özgertmeler — ösüşe binýat

2 Oktýabr 2023
648

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly wakalary taryhyň gatlaryndan mynasyp orun alyp, ýurdumyzyň ynamly gadamlar bilen ösüşiň täze belentliklerine çykýandygyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işler, durmuşa geçirilýän il bähbitli beýik özgertmeler, gazanylýan uly zähmet üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň özboluşly dowamy bolmak bilen, Arkadagly Serdarymyzyň öňe süren «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarynyň adamlaryň abadan we bolelin ýaşaýşynda öz aýdyň beýanyny tapýandygyny görkezýär.

Milli Liderimiziň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Döwletimiz il saglygyny ýurt baýlygyna deňäp, bu ugurda adam hakdaky hakyky aladanyň belent nusgasyny görkezýär. Her ýyl ýurduň baş maliýe meýilnamasy — Döwlet býujeti işlenip düzülende, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanylýan ynsan saglygyny goramak bilen bagly wezipelere uly ähmiýet berlip, bu ugurda serişde gaýgyrylmaýar. Ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuň many-mazmunly çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň aýdan: «Saglygy goraýyş ulgamy depginli ösdürilip, halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlary edilýär. Şu ýyl bu ulgama Döwlet býujetinden 2 milliard 900 million manat möçberinde maliýe serişdelerini goýberdik. Saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşygy üçin 1 milliard 900 million manat maýa goýum serişdesini gönükdirdik» diýen sözleri munuň aýdyň güwäsidir.

Batyr GURBANGULYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar