Türkmenistan — sagdynlygyň hem bagtyýarlygyň mekany

4 Oktýabr 2023
474

Türkmenistan — sagdynlygyň, ruhubelentligiň, dost-doganlygyň hem ösüş-özgerişleriň mekany. Bu — tutuş dünýäde ykrar edilen hakykat. Dünýä ykraryýetiniň aňyrsynda bolsa, alym hem lukman Arkadagymyzyň amal eden beýik işleri, asylly başlangyçlary, olary buýsanç bilen dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary ýatyr. Bu bolsa il saglygyny ýurt baýlygyna deňän pähimli pederlerimiziň asylly däp-dessurlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem täze röwüşde, mynasyp derejede dowam etdirilýändigini aýdyňlygy bilen delillendirýär.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, döwrüň täze talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, şeýle-de bu ulgamy sanlylaşdyrmak ugrunda ägirt uly maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda saglygy goraýyş ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlygyň barha pugtalandyrylmagy esasynda dünýäniň ösen tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap lukmançylyk merkezleriniň ençemesi gurlup ulanylmaga berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň lukmançylyk merkezlerinde zähmet çekýän, kärine ökde hünärmenler üçin döredýän giň mümkinçilikleri esasynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy durmuşa geçirilip, ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesi üpjün edilýär.

«Esger».
Beýleki habarlar