Sagdynlygyň wajyp şerti

4 Oktýabr 2023
644

Häzirki wagtda dowam edýän güýz pasly howa şertleriniň dürli-dürlüligi bilen tapawutlanýar. Saba-säherleri salkyn, günortan çagy güneşli, agşamara sergin howaly güýz günlerinde her birimiziň saglygymyza seresaply çemeleşmegimiz zerurdyr. Sebäbi howanyň üýtgäp durmagy zerarly möwsümleýin ýokanç keselleriň ýüze çykmak ähtimallygy artýar.

Parasatly pederlerimiziň: «Bedeni berkitmegiň we sagalmagyň wajyp şertleriniň biri sagdynlyga ymtylmakdyr» diýip belleýişleri ýaly, biz ýönekeý düzgünleri, sagdyn durmuş ýörelgesini yzygiderli berjaý etmek bilen, bedenimiziň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýarys.

Gülçehra JURAÝEWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar