Il alkyşyna mynasyp

4 Oktýabr 2023
707

Ýagşylygy arzuwlap, gowulyklary ündeýän halkymyz ýaşaýşyň gymmatyny saglykda görýär. Munuň şeýledigine pähimdar pederlerimiziň bu bahasyz baýlyk bilen bagly döreden «Giň bolsaň, kem bolmaz, saglykdan özge dem bolmaz», «Saglyk — baýlyk», «Abraý isleseň, köp diýme, saglyk isleseň, köp iýme», «Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat — zat» diýen ýaly çuňňur parasada ýugrulan atalar sözlerinidir aýtgylary döredipdirler. Adamlaryň säher bilen birek-birege duşanlarynda: «Sag-aman ördüňizmi? Oba-gara saglykmy? Saglykda görşeli!» diýip, hal-ahwal soraşmaklary hem ýokarda diýlenleri tassyklaýar.

Berdimyrat saglygyň gadyryny bilýän, ony goraýan maşgalada kemala geldi. Eýýäm mekdepde okap ýörkä, ynsan saglygy, ony goramagyň ähmiýeti hakynda çynlakaý oýlanyp ugrapdy. Hut şol ýyllarda hem onda lukman bolmak, näsaglary bejermek höwesi döredi. Şol höwes hem ony Aşgabadyň lukmançylyk ýokary okuw mekdebine getirdi, 1979 ― 1984-nji ýyllarda baýry okuw mekdebinde çuňňur bilim alyp, umumy bejergi lukmany hünärine eýe boldy. Başda welaýat merkezinde hünär kämilleşdiriş tejribeligini geçenden soňra dogduk mekanynda ― Dänew etrabynyň Bereket oba saglyk öýünde iç keselleri lukmany bolup işe başlady. Bu ýerde sanlyja ýyl işländen soňra, Seýdi şäherindäki hassahananyň iç keselleri bölümine işe geçdi. Ine, şondan bäri hem Berdimyrat Geldiýew şol ýerde ak ýürek bilen zähmet çekip gelýär. Köp ýyllaryň dowamynda toplan iş tejribesi, ökdelerden öwrenenleri, ýokary okuw mekdebinde düýbüni tutan bilim binýady oňa işinde uly goltgy berýär.

Ýaňybaý ORUNOW,
pedagogika ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar