Badat

3 Oktýabr 2023
602

Güýz günlerinde howanyň durnuksyzlygy, üýtgäp durmagy adamlarda gowuşgynsyzlyk emele getirýär. Şol sebäpden güýz möwsüminde bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirmek hem-de nähoşluklara uçramazlyk üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, kabul edilýän iýmitiň dürli witaminlere, ýokumly serişdelere baý bolmagyny gazanmaly.

Dürli miweleriň, bakjadyr gök önümleriň bol hasyl berýän möwsümi bolan güýzde dürli witaminlere baý bolan badadyň peýdasy barada bellemek hem täsirli bolar. Badadyň düzümi B witaminler toplumyna, A, C, E, K witaminlerine, kaliý, kalsiý, magniý ýaly mikroelementlere, beloga, kletçatka baýdyr. 100 gram badatda adam bedenine gerek bolan A witamininiň iki günlük mukdarynyň bolmagy bu önümiň düzüminiň, aýratynam, A witamininiň gözbaşydygyny görkezýär. Bu witamin bolsa gözüň görejiniň ýiti bolmagy, deriniň sagdynlygy üçin örän wajypdyr. A witamini deride ýaranyň çalt bitmeginde hem ähmiýetlidir. Şeýle-de ösümlik antioksidant häsiýete eýedir. Bir çig badatda bir günde kabul edilmeli C witaminiň ýeterlik mukdary bardyr. Badat damarlaryň diwarjyklaryny berkidýär we gan basyşynyň kadalaşmagyna täsirini ýetirýär. Ondaky ösümlik süýümleri aşgazan-içege ulgamynyň kadaly işlemegine getirýär.

Selbi BABAÝEWA,
Arkadag şäher Saglyk öýüniň anyklaýyş bölüminiň lukmany.
Beýleki habarlar