"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Talyp türgenlerimiziň üstünligi

Eziz Diýarymyzda sport desgalarydyr mekdepleriniň, şeýle hem stadionlaryň gurlup ulanylmaga berilmegi netijesinde Türkmenistanda sport bilen meşgullanýanlaryň sany has-da artdy hem-de onuň jemgyýetdäki orny aýratyn ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyp oglan-gyzlaryň arasynda Uniwersiadalaryň, şeýle hem Türkmenistanyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Spartakiadalaryň guralmagy talyp ýaşlaryň arasynda sporta bolan höwesi has-da artdyrýar.

Sport dünýäsine seýran

Sport. Sport. Sport.

Çekeleşikli boldy Ýakynda welaýatymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda gyşky dynç alyş günlerini gyzykly geçirmek maksady bilen “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň guramagynda Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebinde hereketli oýunlar boýunça ýaryş geçirildi. Oňa Mary şäherindäki orta mekdepleriň okuwçylarynyň ýygyndy toparlary gatnaşdylar.

Mekdep okuwçylarynyň şaşka ýaryşy

Sarahs etrabyndaky 21-nji orta mekdepde 14 ýaşdan uly bolmadyk mekdep okuwçylarynyň arasynda şaşka ýaryşy geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölümi hem-de Sarahs etrap bilim bölümi tarapyndan guralan ýaryşa ýaşajyk şaşkaçylar höwesli gatnaşdylar. Gyzykly geçen şaşka ýaryşynda ýeňijiler toparlaýyn kesgitlendi. Onda etrapdaky 1-nji orta mekdebiň okuwçylary birinji, 21-nji orta mekdebiň topary ikinji, 19-njy orta mekdebiň topary üçünji orny eýeledi. Ýeňijiler “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hormat hatlaryna mynasyp boldy.

Ýaşlar ussatlygyny görkezdiler

Bäherden etrap bilim bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramaklarynda etrabyň sport mekdebinde woleýbol ýaryşy geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli geçirilen ýaryşyň esasy maksady geljegimiz bolan ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmakdan we sport ussatlyklaryny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. “Türkmenistan—sagdynlygyň mekany” şygar astynda geçen ýaryşa ýaşlardan düzülen toparlar gatnaşyp, ukyp-başarnygyny, erjelligini görkezdiler. Gyzykly duşuşyklaryň netijesinde “Ýyldyz” topary birinji, “Galkynyş” topary ikinji, “Berkarar” topary üçünji orunlary eýelediler. Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

1-nji duşuşyklar geçirildi

Ang­li­ýa­nyň Li­ga Ku­bo­gy­nyň (EFL Cup) ýa­rym fi­na­ly­nyň 1-nji du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di. «Çel­si» to­pa­ry myh­man­çy­lyk­da «Middlsb­ro­dan» He­ki­niň 37-nji mi­nut­da­ky go­ly esa­syn­da 1–0 ha­sa­byn­da utul­dy. «Li­wer­pul» öz meý­dan­ça­syn­da «Ful­ham» to­pa­ry­ny ka­bul et­di. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da myh­man­lar Wil­lia­nyň 19-njy mi­nut­da­ky go­ly bi­len öňe geç­di. Ýö­ne ruh­dan düş­me­dik «Li­wer­pul» to­pa­ry 2-nji ýa­rym­da yz­ly-yzy­na 2 gol ge­çi­rip, ýeň­şi­ni baý­ram et­di (2–1). Gol­la­ry 68-nji mi­nut­da Kur­tis Jons, 71-nji mi­nut­da Ko­di Gak­po der­we­zä gi­riz­di.

Transfer täzelikleri

Tür­ki­ýä­niň «Be­şik­taş» to­pa­ry Por­tu­ga­li­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň ozal­ky tä­lim­çi­si, 69 ýa­şyn­da­ky hü­när­men Fer­nan­do San­tuş bi­len 1,5 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. «Pre­mi­er Li­ga­nyň» we­ki­li «Tot­ten­ham» to­pa­ry ne­mes klu­by «Le­ip­sig­den» hü­jüm­çi Ti­mo Wer­ne­ri möw­sü­miň ahy­ryn­da trans­fer edip bil­mek müm­kin­çi­li­gi bi­len kä­ren­de­si­ne dü­zü­mi­ne goş­dy.

«Lasio», «Atalanta» ýarym finalda

Ita­li­ýa­nyň Ku­bo­gy (Cop­pa Ita­lia) ýa­ry­şyn­da ýa­rym fi­na­la çy­kan to­par­la­ryň 3-si bel­li bol­dy. Rim der­bi­sin­de «La­sio» «Ro­ma­ny» 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Ýe­ke-täk go­ly 51-nji mi­nut­da 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­syn­dan Mat­tia Zak­ka­ni öz ady­na ýaz­dyr­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oý­nuň soň­ky mi­nut­la­ry has-da dart­gyn­ly ýag­daý­da bol­dy. 90+6-njy mi­nut­da «La­sio­dan» Ped­ro, 90+10-njy mi­nut­da «Ro­ma­dan» Ser­dar Az­mun bi­len 90+11-nji mi­nut­da Jun­lu­ka Man­çi­ni gy­zyl kart al­dy. «Mi­lan» bi­len «Ata­lan­ta­nyň» ara­syn­da­ky oýun­da ýer eýe­le­ri 45-nji mi­nut­da Ra­fa­el Leao­nyň go­ly bi­len öňe geç­se-de, myh­man­lar Te­un Ko­op­maý­ner­siň 45+2-nji hem-de 59-njy (p) mi­nut­lar­da­ky gol­la­ry esa­syn­da ýa­rym fi­na­la çyk­dy. 2018-nji ýyldan bäri finala çykyp bilmeýän «Milan» soňky gezek kubogy 2003-nji ýylda gazanypdy. Esa­sy hem-de goş­ma­ça wag­ty gol­suz ge­çen du­şu­şyk­da «Fio­ren­ti­na» pe­nal­ti­le­riň ne­ti­je­sin­de «Bo­lon­ýa­ny» 5–4 ha­sa­byn­da utup, ýa­rym fi­nal­da oý­na­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy.

«Real Madrid» finala çykdy

Is­pa­ni­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy ýa­ry­şy­nyň 1-nji fi­nal­çy­sy «Re­al Mad­rid» to­pa­ry bol­dy. Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň paý­tag­ty Er-Ri­ýad­da­ky KSU sta­dio­nyn­da oý­na­lan Mad­rid der­bi­sin­de 8 gol ha­sa­ba alyn­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da Ma­rio Her­mo­so «At­le­ti­ko­ny» 6-njy mi­nut­da öňe saý­la­dy. 20-nji mi­nut­da An­to­nio Rü­di­ger ha­sa­by deň­le­se, 29-njy mi­nut­da baş­ga bir go­rag­çy Fer­lan Men­di «Rea­ly» öňe çy­kar­dy. 37-nji mi­nut­da An­tu­an Griz­mann ha­sa­by deň­läp, to­par­lar deň­lik­ ýag­da­ýyn­da ara­kes­mä çyk­dy­lar. 78-nji mi­nut­da az­da-kän­de je­del­li pur­sat­da Rü­di­ge­riň aw­to­go­ly bi­len «At­le­ti­ko» ha­sa­by 3–2-ä ýe­tir­di. 85-nji mi­nut­da Da­ni Kar­wa­ha­lyň bat­ly ur­gu­sy gaý­tar­gy­syz bo­lup, ha­sap deň­len­di. Goş­ma­ça wag­tyň il­kin­ji 15 mi­nu­tyn­da ha­sap üýt­ge­me­di. 116-njy mi­nut­da Kar­wa­ha­lyň pa­syn­dan soň Ho­se­lu 4-nji pök­gi­ni «At­le­ti­ko­nyň» der­we­ze­sin­den gi­riz­di. Oý­nuň 120+2-nji mi­nu­tyn­da-da ha­sa­by deň­le­jek bo­lup, bar oýun­çy­sy bi­len hü­jüm eden «At­le­ti­ko» 5-nji go­ly hem ge­çirt­di. Oý­na soň gi­ren Bra­him Di­az uzak ara­lyk­dan to­py boş der­we­zä gi­ri­zip, du­şu­şy­ga soň­ky no­ka­dy goý­dy (5–3). «Re­al Mad­ri­diň» fi­nal­da­ky gar­şy­da­şy «Bar­se­lo­na» ýa-da «Osa­su­na» bo­lar. Fi­nal du­şu­şy­gy 14-nji ýan­war­da ge­çi­ri­ler.

Dün­ýä Ku­bo­gy­ny fut­bol­çy hem-de tä­lim­çi hök­mün­de ga­za­nyp­dy­lar

Soň­ky 7 gü­nüň do­wa­myn­da dün­ýä fut­bo­ly­nyň 2 ägir­di ara­dan çyk­dy. Il­ki 5-nji ýan­war­da bra­zi­li­ýa­ly ozal­ky fut­bol­çy hem-de tä­lim­çi Ma­rio Za­gal­lo 92 ýa­şyn­da, soň­ra 7-nji ýan­war­da-da ne­mes fut­bo­ly­nyň iň meş­hur ýyl­dy­zy Frans Bek­ken­bauer 78 ýa­şyn­da ýag­ty ja­han bi­len hoş­laş­dy. Ola­ryň iki­si-de fut­bo­lyň iň uly ku­bo­gy­ny il­ki fut­bol­çy, soň­ra tä­lim­çi hök­mün­de as­ma­na gö­te­ren dün­ýä­dä­ki 3 şah­sy­ýe­tiň il­kin­ji iki­si­di­ler.  1931-nji ýyl­da ýur­du­nyň Ata­lai­a şä­he­rin­de dün­ýä inen Ma­rio Za­gal­lo fut­bol­çy­lyk kar­ýe­ra­sy­nda «Ame­ri­ka», «Fla­men­go», «Bo­ta­fo­ga» ýa­ly klub­lar­da oý­na­ýar. 1958-nji we 1962-nji ýyl­lar­da fut­bol­çy hök­mün­de Dün­ýä­niň çem­pio­ny bo­lan Za­gal­lo, 1970-nji ýyl­da Bra­zi­li­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň baş tä­lim­çi­si hök­mün­de-de ku­bo­gy as­ma­na gal­dy­ryp­dy. 1994-nji ýyl­da bol­sa ol baş tä­lim­çi­niň kö­mek­çi­si hök­mün­de ku­bo­gy eýe­läp­di. Ol Dün­ýä Ku­bo­gy­ny oýun­çy hem-de tä­lim­çi bo­lup ga­za­nan il­kin­ji şah­sy­ýet bo­lup­dy. On­dan soň bu hor­ma­ta Frans Bek­ken­bauer bi­len Di­die De­şam hem ýe­tip­di. 1994-nji ýyl­da­ky Dün­ýä Ku­bo­gy­ny-da ha­sa­ba al­sak, on­da ol bu iň ar­zy­ly ku­bo­gy 4 ge­zek eýe­län ýe­ke-täk fut­bol hü­när­me­ni­dir. Za­gal­lo Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­na 3 dür­li dö­wür­de tä­lim­çi­lik et­di. Bra­zi­li­ýa­da «Bo­t

Bra­zi­li­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň tä­ze tä­lim­çi­si mä­lim edil­di

Fut­bol bo­ýun­ça Bra­zi­li­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň tä­ze tä­lim­çi­si res­mi ýag­daý­da mä­lim edil­di. Ge­çen ýy­lyň iýul aýyn­da wagt­la­ýyn­ça bel­le­nen Fer­nan­do Di­ni­ziň we­zi­pe­sin­den bo­şa­dyl­ma­gyn­dan soň onuň or­nu­na Do­ri­wal Ju­ni­or dün­ýä­niň iň öň­de­ba­ry­jy fut­bol ýy­gyn­dy­sy­nyň tä­lim­çi­li­gi­ne bel­len­di. 61 ýa­şyn­da­ky hü­när­men mil­li ýy­gyn­dy­nyň ta­ry­hyn­da­ky 84-nji tä­lim­çi bol­dy. Ol «Sao Pau­lo» to­pa­ry­na tä­lim ber­ýär­di. Ju­ni­or özü­niň tä­ze we­zi­pe­si bi­len bag­la­ny­şyk­ly: – Bu meniň şah­sy arzuwymyň ha­syl bol­ma­gy­dyr. Şol se­bäp­li-de, «Sao Pau­lo» to­pa­ryn­da­ky tä­ze baş­lan­gy­jyň bir bö­le­gi bo­la­nym üçin klu­buň ýol­baş­çy­la­ry­na köp sag­bol­sun aýd­ýa­ryn. Jan­kö­ýer­le­re-de çuň­ňur min­net­dar­ly­gy­my bil­dir­ýä­rin – di­ýip, çy­kyş et­di. Fut­bol­çy­lyk kar­ýe­ra­sy­nyň ag­ram­ly bölegini «Pal­mei­ras» to­pa­ry­nda ge­çi­ren Do­ri­wal Ju­ni­or «Ko­ri­ti­ba», «Gre­mio», «Ýu­wen­tu­de» ýa­ly klub­lar­da hem oý­na­dy. Bra­zi­li­ýa­da en­çe­me klu­ba tä­lim be­ren Do­ri­wal Ju­ni­or «San­tos», «In­ter­na­sio­nal», «At­le­ti­ko Pa­ra­na­en­se», «Fla­men­go» hem-de «Sao Pau­lo» to­par­la­ryn­da se­bit­le­ýin ku­bok­lar ga­zan­dy. «Fla­men­go» bi­len Li­ber­ta­do­res, «In­ter­na­sio­nal» bi­len Re­ko­pa Su­da­me­ri­ka­na ku­bo­gy­ny eýe­län tä­lim­çi «San­tos», «Fla­men­go» hem-de «Sao Pau­lo» klub­la­r

3-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy

Ger­ma­ni­ýa­da hem-de Awst­ri­ýa­da ge­çi­ril­ýän «Fo­ur Hills» tramp­lin­den bök­mek ýa­ry­şy ta­mam­lan­dy. 72-nji ge­zek ge­çi­ri­len ýa­ryş­da ýa­po­ni­ýa­ly Rýo­ýu Ko­ba­ýa­şi ýe­ňiş ga­za­nyp, ol 2019-njy we 2022-nji ýyl­lar­dan soň 3-nji çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. 27 ýa­şyn­da­ky tür­gen ge­çi­ri­len 4 ýa­ryş­da-da 2-nji ýe­ri eýe­läp, umu­my­lyk­da 1145,2 utuk top­la­ma­gy ba­şar­dy. Ger­ma­ni­ýa­nyň Oberst­dorf hem-de Gar­miş-Par­ten­kir­hen şä­her­çe­le­rin­dä­ki ýa­ryş­lar­da de­giş­li­lik­de And­re­as Wel­lin­ger (Ger­ma­ni­ýa) bi­len An­že La­ni­şek (Slo­we­ni­ýa) ýe­ňi­ji bol­dy. Awst­ri­ýa­nyň Insb­ruk hem-de Bi­şofs­ho­fen şä­her­le­rin­dä­ki bäs­le­şik­ler­de-de awst­ri­ýa­ly tür­gen­ler Ýan Hörl bi­len Şte­fan Kraft ýe­ňiş ga­zan­dy.

Hepdäniň esasy duşuşyklary

12-nji ýan­war (an­na) Ba­wa­ri­ýa – Hof­fen­haým (00:30)

«Serie A»-da öňdebaryjylaryň ýeňşi

Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri «In­ter» öz meý­dan­ça­syn­da «We­ro­na­ny» kyn­lyk bi­len ýeň­di. Mar­ti­ne­siň 13-nji, Frat­te­zi­niň 90+3-nji mi­nut­da ge­çi­ren gol­la­ry bi­len 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan «In­ter» ara­ta­pa­wu­dy sak­la­ma­gy ba­şar­dy. «We­ro­na­nyň» ýe­ke-täk go­lu­ny ge­çi­ren An­ri 90+8-nji mi­nut­da pe­nal­ti­ni dürs urup bil­me­di. Edil şo­nuň ýa­ly, «Ýu­wen­tus» hem tap­gyr­da kyn­lyk bi­len ýe­ňiş ga­zan­dy. «Ýu­wen­tus» to­pa­ry iň aşa­ky orun­da bar­ýan «Sa­ler­ni­ta­na­ny» myh­man­çy­lyk­da Aý­ling hem-de Wla­ho­wi­çiň gol­la­ry bi­len 2–1 ýeň­di. «Mi­la­na» myh­man­çy­lyk­da «Em­po­li­ni» ýeň­mek kyn düş­me­di. 3–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­na­n «Mi­la­nyň» gol­la­ry­ny Lof­tus-Çik, Ži­ru hem-de Trao­re ge­çir­di. Soň­ky çem­pi­on «Na­po­li» myh­man­çy­lyk­da şol ha­sap bi­len «To­ri­no­dan» as­gyn gel­di. Tap­gy­ryň mer­ke­zi oý­nun­da «Ro­ma» bi­len «Ata­lan­ta» 1–1 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­nap, utuk­la­ry paý­laş­dy­lar. Por­tu­ga­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 16-njy tap­gyr­da sa­na­wyň li­de­ri «Spor­ting» öz meý­dan­ça­syn­da «Eş­to­ril» to­pa­ry­ny 5–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. «Ben­fi­ka» to­pa­ry-da myh­man­çy­lyk­da «Aro­ka­nyň» der­we­ze­sin­den jo­gap­syz 3 gol ge­çir­di. «Boa­wiş­ta» bi­len deň­me-deň oý­nan «Por­to» to­pa­ry öň­dä­ki 2 klub­dan az-ow­lak daş­la­şyp baş­la­dy.

Şu gün Aziýa Kubogyna, ertir Afrika Milletler Kubogyna badalga berler

Şu gün Ka­tar­da fut­bol bo­ýun­ça 18-nji Azi­ýa Ku­bo­gy, er­tir Kot-d’Iwuar­da 34-nji Af­ri­ka Mil­let­ler Ku­bo­gy ýa­ryş­la­ry­ başlaýar. Her ýa­ry­şa-da 24 ýy­gyn­dy gat­naş­ýar. Her ýa­ryş­da-da 6 to­par­ça bo­lup, 4 to­par­ly her to­par­ça­da 1–2-nji ýe­ri eýe­län­ler hem-de 3-nji or­ny alan­la­ryň iň go­wy ne­ti­je gör­ke­zen 4-si 1/8 fi­na­la çy­kar.

Basketbol: üstünliklerden-üstünliklere

Türkmenistanyň Basketbol federasiýasy paýtagtymyzda bolup geçen maslahatynda 2023-nji ýylda ýurdumyzda basketboly ösdürmek boýunça geçirilen işleriň jemlerini jemledi. Maslahata basketbolyň tejribeli wekilleri, milli ýygyndymyzyň agzalary, tälimçiler, eminler we federasiýanyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çykyşlarda 2023-nji ýylyň türkmen basketboly üçin düşümli ýyllaryň biri bolandygy nygtaldy. Milli ýygyndylar halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezip, Türkmenistanyň FIBA-nyň reýtinglerinde eýeleýän ornuny ýokarlandyrmagy başardylar. Bellenilmeli ýakymly ýagdaýlaryň ýene biri hem ýurdumyzda basketbol bilen gyzyklanýan ýaşlaryň barha artýanlygydyr.

Sport.

ÇEKELEŞIKLI GEÇEN ÝARYŞ Ýurdumyzda sportuň saglygyň gözbaşydygyndan ugur alyp, alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar. Şeýlelikde ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmekde gowy netijeler gazanylýar. Muňa biziň sport mekdebimizde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan türgenleriň sanynyň barha artýandygam şaýatlyk edýär. Sportuň woleýbol görnüşi ýaşlaryň arasynda has meşhurlyga eýedir. Şonuň üçinem sport mekdebimizde ýaşlaryň ençemesi sportuň bu görnüşi boýunça ussatlyklaryny ýokarlandyryp, dürli ýaryşlarda şowly çykyş edýärler.

Ýaşlar — Watanyň daýanjy

Gülşat ANNAÝEWA,Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby, Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi. Ýeňişli ýollar

Sport. Sport. Sport.

Ýaşaýşyň gözbaşy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda halkymyzyň, şol bir wagtda ýaş nesillerimiziň saglygy, olaryň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Diýarymyzyň ähli künjeginde döwrebap sport desgalary, mekdepleri gurlup, ulanylmaga berilýär hem-de olar döwrebap enjamlar bilen üpjün edilýär. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda sport ulgamyny ösdürmekde bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine 2013-nji ýylda Türkmengala etrabynda 2 gatdan ybarat täze sport mekdebiniň gurlup, ulanylmaga berilmegi şaýatlyk edýär.

Sport — saglykdan alamat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgeden ugur alnyp, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini her bir raýatyň gündelik durmuşyna ornaşdyrmak arkaly ilatyň sagdyn we uzak ýaşamagyny gazanmak üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu babatda kämil lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan saglyk öýleri, hassahanalar, saglygy goraýyş we anyklaýyş merkezleri, şypahanalar, şeýle hem sagdyn ruhly, sagdyn bedenli nesilleriň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýe bolan sport desgalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, hatda iň alys obalarynda hem döwrebap sport desgalary, sport mekdepleri we sport meýdançalary hereket edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrüldi. «Herekete — bereket» diýen pähimden ugur alýan halkymyz saglyk daragtynyň esasy şahalarynyň bedenterbiýe we sportdugyna aňryýany bilen düşünýär. Gahryman Arkadagymyz: «Ynsan özüniň bütin ömrüniň dowamynda hereketde bolmalydyr» diýip, ýerlikli belleýär. Saglygy goramak, berkitmek bolsa her bir adamyň özüne bagly. Her bir adamyň sagdyn iýmitlenmek bilen bir hatarda, ýaş aýratynlygyna görä gündelik bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy wajypdyr.