Soňky 7 günüň dowamynda dünýä futbolynyň 2 ägirdi aradan çykdy. Ilki 5-nji ýanwarda braziliýaly ozalky futbolçy hem-de tälimçi Mario Zagallo 92 ýaşynda, soňra 7-nji ýanwarda-da nemes futbolynyň iň meşhur ýyldyzy Frans Bekkenbauer 78 ýaşynda ýagty jahan bilen hoşlaşdy. Olaryň ikisi-de futbolyň iň uly kubogyny ilki futbolçy, soňra tälimçi hökmünde asmana göteren dünýädäki 3 şahsyýetiň ilkinji ikisidiler.
1931-nji ýylda ýurdunyň Atalaia şäherinde dünýä inen Mario Zagallo futbolçylyk karýerasynda «Amerika», «Flamengo», «Botafoga» ýaly klublarda oýnaýar. 1958-nji we 1962-nji ýyllarda futbolçy hökmünde Dünýäniň çempiony bolan Zagallo, 1970-nji ýylda Braziliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi hökmünde-de kubogy asmana galdyrypdy. 1994-nji ýylda bolsa ol baş tälimçiniň kömekçisi hökmünde kubogy eýeläpdi. Ol Dünýä Kubogyny oýunçy hem-de tälimçi bolup gazanan ilkinji şahsyýet bolupdy. Ondan soň bu hormata Frans Bekkenbauer bilen Didie Deşam hem ýetipdi. 1994-nji ýyldaky Dünýä Kubogyny-da hasaba alsak, onda ol bu iň arzyly kubogy 4 gezek eýelän ýeke-täk futbol hünärmenidir. Zagallo Braziliýanyň ýygyndysyna 3 dürli döwürde tälimçilik etdi. Braziliýada «Botafogo», «Fluminense», «Flamengo», «Wasko de Gama» ýaly klublara tälim beren Zagallo Kuweýtiň, Saud Arabystanynyň, BAE-niň ýygyndylarynyň hem baş tälimçisi wezipesinde işledi.