Bra­zi­li­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň tä­ze tä­lim­çi­si mä­lim edil­di

12 Ýanwar 2024
375

Fut­bol bo­ýun­ça Bra­zi­li­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň tä­ze tä­lim­çi­si res­mi ýag­daý­da mä­lim edil­di. Ge­çen ýy­lyň iýul aýyn­da wagt­la­ýyn­ça bel­le­nen Fer­nan­do Di­ni­ziň we­zi­pe­sin­den bo­şa­dyl­ma­gyn­dan soň onuň or­nu­na Do­ri­wal Ju­ni­or dün­ýä­niň iň öň­de­ba­ry­jy fut­bol ýy­gyn­dy­sy­nyň tä­lim­çi­li­gi­ne bel­len­di. 61 ýa­şyn­da­ky hü­när­men mil­li ýy­gyn­dy­nyň ta­ry­hyn­da­ky 84-nji tä­lim­çi bol­dy. Ol «Sao Pau­lo» to­pa­ry­na tä­lim ber­ýär­di. Ju­ni­or özü­niň tä­ze we­zi­pe­si bi­len bag­la­ny­şyk­ly: – Bu meniň şah­sy arzuwymyň ha­syl bol­ma­gy­dyr. Şol se­bäp­li-de, «Sao Pau­lo» to­pa­ryn­da­ky tä­ze baş­lan­gy­jyň bir bö­le­gi bo­la­nym üçin klu­buň ýol­baş­çy­la­ry­na köp sag­bol­sun aýd­ýa­ryn. Jan­kö­ýer­le­re-de çuň­ňur min­net­dar­ly­gy­my bil­dir­ýä­rin – di­ýip, çy­kyş et­di.

Fut­bol­çy­lyk kar­ýe­ra­sy­nyň ag­ram­ly bölegini «Pal­mei­ras» to­pa­ry­nda ge­çi­ren Do­ri­wal Ju­ni­or «Ko­ri­ti­ba», «Gre­mio», «Ýu­wen­tu­de» ýa­ly klub­lar­da hem oý­na­dy. Bra­zi­li­ýa­da en­çe­me klu­ba tä­lim be­ren Do­ri­wal Ju­ni­or «San­tos», «In­ter­na­sio­nal», «At­le­ti­ko Pa­ra­na­en­se», «Fla­men­go» hem-de «Sao Pau­lo» to­par­la­ryn­da se­bit­le­ýin ku­bok­lar ga­zan­dy. «Fla­men­go» bi­len Li­ber­ta­do­res, «In­ter­na­sio­nal» bi­len Re­ko­pa Su­da­me­ri­ka­na ku­bo­gy­ny eýe­län tä­lim­çi «San­tos», «Fla­men­go» hem-de «Sao Pau­lo» klub­la­ry­na Bra­zi­li­ýa­nyň Ku­bo­gy­ny ga­zan­dyr­dy.

Beýleki habarlar