Basketbol: üstünliklerden-üstünliklere

12 Ýanwar 2024
417

Türkmenistanyň Basketbol federasiýasy paýtagtymyzda bolup geçen maslahatynda 2023-nji ýylda ýurdumyzda basketboly ösdürmek boýunça geçirilen işleriň jemlerini jemledi. Maslahata basketbolyň tejribeli wekilleri, milli ýygyndymyzyň agzalary, tälimçiler, eminler we federasiýanyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Çykyşlarda 2023-nji ýylyň türkmen basketboly üçin düşümli ýyllaryň biri bolandygy nygtaldy. Milli ýygyndylar halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezip, Türkmenistanyň FIBA-nyň reýtinglerinde eýeleýän ornuny ýokarlandyrmagy başardylar. Bellenilmeli ýakymly ýagdaýlaryň ýene biri hem ýurdumyzda basketbol bilen gyzyklanýan ýaşlaryň barha artýanlygydyr.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar