Sport — saglykdan alamat

10 Ýanwar 2024
523

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgeden ugur alnyp, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini her bir raýatyň gündelik durmuşyna ornaşdyrmak arkaly ilatyň sagdyn we uzak ýaşamagyny gazanmak üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu babatda kämil lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan saglyk öýleri, hassahanalar, saglygy goraýyş we anyklaýyş merkezleri, şypahanalar, şeýle hem sagdyn ruhly, sagdyn bedenli nesilleriň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýe bolan sport desgalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, hatda iň alys obalarynda hem döwrebap sport desgalary, sport mekdepleri we sport meýdançalary hereket edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrüldi.

«Herekete — bereket» diýen pähimden ugur alýan halkymyz saglyk daragtynyň esasy şahalarynyň bedenterbiýe we sportdugyna aňryýany bilen düşünýär. Gahryman Arkadagymyz: «Ynsan özüniň bütin ömrüniň dowamynda hereketde bolmalydyr» diýip, ýerlikli belleýär. Saglygy goramak, berkitmek bolsa her bir adamyň özüne bagly. Her bir adamyň sagdyn iýmitlenmek bilen bir hatarda, ýaş aýratynlygyna görä gündelik bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy wajypdyr.

Altynjemal SAPAROWA,
«Garaşsyzlyk» sport desgasynyň işgärler boýunça hünärmeni.
Beýleki habarlar