«Real Madrid» finala çykdy

12 Ýanwar 2024
476

Is­pa­ni­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy ýa­ry­şy­nyň 1-nji fi­nal­çy­sy «Re­al Mad­rid» to­pa­ry bol­dy. Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň paý­tag­ty Er-Ri­ýad­da­ky KSU sta­dio­nyn­da oý­na­lan Mad­rid der­bi­sin­de 8 gol ha­sa­ba alyn­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da Ma­rio Her­mo­so «At­le­ti­ko­ny» 6-njy mi­nut­da öňe saý­la­dy. 20-nji mi­nut­da An­to­nio Rü­di­ger ha­sa­by deň­le­se, 29-njy mi­nut­da baş­ga bir go­rag­çy Fer­lan Men­di «Rea­ly» öňe çy­kar­dy. 37-nji mi­nut­da An­tu­an Griz­mann ha­sa­by deň­läp, to­par­lar deň­lik­ ýag­da­ýyn­da ara­kes­mä çyk­dy­lar. 78-nji mi­nut­da az­da-kän­de je­del­li pur­sat­da Rü­di­ge­riň aw­to­go­ly bi­len «At­le­ti­ko» ha­sa­by 3–2-ä ýe­tir­di. 85-nji mi­nut­da Da­ni Kar­wa­ha­lyň bat­ly ur­gu­sy gaý­tar­gy­syz bo­lup, ha­sap deň­len­di. Goş­ma­ça wag­tyň il­kin­ji 15 mi­nu­tyn­da ha­sap üýt­ge­me­di. 116-njy mi­nut­da Kar­wa­ha­lyň pa­syn­dan soň Ho­se­lu 4-nji pök­gi­ni «At­le­ti­ko­nyň» der­we­ze­sin­den gi­riz­di. Oý­nuň 120+2-nji mi­nu­tyn­da-da ha­sa­by deň­le­jek bo­lup, bar oýun­çy­sy bi­len hü­jüm eden «At­le­ti­ko» 5-nji go­ly hem ge­çirt­di. Oý­na soň gi­ren Bra­him Di­az uzak ara­lyk­dan to­py boş der­we­zä gi­ri­zip, du­şu­şy­ga soň­ky no­ka­dy goý­dy (5–3). «Re­al Mad­ri­diň» fi­nal­da­ky gar­şy­da­şy «Bar­se­lo­na» ýa-da «Osa­su­na» bo­lar. Fi­nal du­şu­şy­gy 14-nji ýan­war­da ge­çi­ri­ler.

Beýleki habarlar