Ýaşlar ussatlygyny görkezdiler

12 Ýanwar 2024
511

Bäherden etrap bilim bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramaklarynda etrabyň sport mekdebinde woleýbol ýaryşy geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli geçirilen ýaryşyň esasy maksady geljegimiz bolan ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmakdan we sport ussatlyklaryny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.

“Türkmenistan—sagdynlygyň mekany” şygar astynda geçen ýaryşa ýaşlardan düzülen toparlar gatnaşyp, ukyp-başarnygyny, erjelligini görkezdiler. Gyzykly duşuşyklaryň netijesinde “Ýyldyz” topary birinji, “Galkynyş” topary ikinji, “Berkarar” topary üçünji orunlary eýelediler. Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Seýdylla ÝAZMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar