"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Ilçi işe başlady

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň wezipä täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdi kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Patyşa Salman Ben Abdelaziz Al Saudyň hem-de Mirasdüşer Şazada Muhammed ben Salman Al Saudyň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiziň kabul etmegi

27-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň wezipä täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdi kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Patyşa Salman Ben Abdelaziz Al Saudyň hem-de Mirasdüşer Şazada Muhammed ben Salman Al Saudyň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Bank ulgamy kämilleşýär

Hyzmatlar ösdürilýär Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, bank ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Karz edaralary tarapyndan ilatymyza täze amatly we döwrebap hyzmatlaryň görnüşleri hödürlenýär. Häzirki wagtda karz edaralary tarapyndan nagt däl hasaplaşyklaryň üsti bilen pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň ýaýrawyny giňeltmek babatda hem işler alnyp barylýar. Elektron hasaplaşyk kartlarynyň, töleg terminallarynyň, bankomatlaryň sany, “Internet bank” we “Mobil bank” ulgamlarynyň üsti bilen geçirilýän hasaplaşyklaryň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şeýle hem bankymyz tarapyndan “Altyn asyr” bank kartlaryny saklaýjy müşderilere amatly şertleri döretmek maksady bilen, töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşinde geçirilýän tölegler boýunça “Cash back” höweslendiriş hyzmatynyň möçberi 2 göterim derejesinde ýokarlandyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 27-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň wezipä täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdi kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Patyşa Salman Ben Abdelaziz Al Saudyň hem-de Mirasdüşer Şazada Muhammed ben Salman Al Saudyň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

24-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz goňşy döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli wezipesinde özbek halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlarda ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny we dünýä giňişliginde öz abraýyny pugtalandyrýandygyny belledi.

Hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherine iberildi. Wekiliýetiň amala aşyran saparynyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça ikitaraplaýyn möhüm duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen geçirilen duşuşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň şu günki ýagdaýyna we geljegine garaldy.

Türkmenistan — Gazagystan: tejribeler we mümkinçilikler

Ýerkebulan SAPIÝEW,Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi: — Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasatynda Merkezi Aziýa döwletleri, şol sanda dostlukly Türkmenistan aýratyn orun eýeleýär. Biziň ýurtlarymyz Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap, özara ynanyşmaga we deňhukukly hyzmatdaşlyga esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy. Türkmenistan Gazagystanyň diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem, Hazar sebitinde hem möhüm strategik hyzmatdaşydyr. Iki ýurduň arasyndaky syýasy gepleşikler netijeli häsiýete eýe bolup, Gazagystan söwda, medeni-ynsanperwer ugurlarda we sebit meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýär.

Türkmenistan — Özbegistan: dostlukly gatnaşyklara ygrarlylyk

24-nji iýulda hormatly Prezidentimiz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz goňşy döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli wezipesinde özbek halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz özbek Liderini we Özbegistanyň halkyny geçen mukaddes Gurban baýramy bilen gutlady. Prezident Şawkat Mirziýoýew gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, häzirki döwürde özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça täze ösüşe eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Taraplar döwletara gatnaşyklaryň ýeten derejesine ýokary baha berip, gadymdan gelýän dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk arkaly ösdürilýän we doganlyk halklaryň bähbidine laýyk gelýän strategik hyzmatdaşlyga özara ygrarlydyklaryny beýan etdiler.

Türkmenistan — Ýaponiýa: netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi

Türkmen wekiliýeti Tokioda möhüm duşuşyklary geçirdi Hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherine iberilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň amala aşyran saparynyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça ikitaraplaýyn möhüm duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.

Kämil jemgyýetiň hukuk ygtybarlylygy

24-nji iýulda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine bu düzümleriň ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garamak girizildi. Şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleri, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň geljekki wezipeleri hem-de möhüm ugurlary kesgitlenildi. Hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna seljerme bermek, milli maksatnamalaryň taslamalaryny, hereketleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlamak, adamlaryň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklary babatda ýurdumyzyň halkara borçnamalary ýerine ýetirişine gözegçilik etmek bu toparyň işiniň esasy ugry bolup durýar.

Gadymy ýollaryň döwrebap keşbi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesiniň dabaralanýan günlerinde hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş saparynda bolup, Jebel şäherçesinde Balkanabat Halkara howa menziliniň düýbüni tutup bermegi möhüm taryhy wakadyr. Milli Liderimiziň: «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly şygary häzirki güne çenli durmuşa geçirilýän ähli asylly başlangyçlaryň, şol sanda ulag-logistika ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň hem içinden eriş-argaç bolup geçýär. Munuň şeýledigine soňky ýyllarda bu ulgamda amala aşyrylan ägirt uly taslamalaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň ikinji kitabynda: «Awtoýollary, polat ýollary, deňiz ýollary, howa ýollary, ýangyçenergetika ýollary — bularyň ählisi gadymy kerwenleriň gatnan Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap keşbidir. Ýollar halklary doganlaşdyrmaga, medeniýetleri baýlaşdyrmaga çagyrýar. Türkmenistanyň tutuş sebitde ulag-logistika merkezine öwrülmeginiň düýp maksady hem şundadyr» diýip belläp geçýär. Dogrundan-da, bu gün Garaşsyz ýurdumyz Gündogar bilen Günbataryň arasynda kemala gelen ykdysady we medeni köprüni täze şertlerde hem-de döwrebap başlangyçlarda gaýtadan dikeltmegi maksat edinýär. Häzirki döwürde dünýäde ulag ulgamynyň we üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýeti has-da artýar. Olar diňe bir ýükleri we ýolagçylary daşamak üçin däl, eýsem, ösüş we

Edebi dostluk daragty

Redaksiýadan: Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýylynyň içinde baky Bitarap döwletimiz ösüşiň täze belentliklerine çykyp, öz şöhratly taryhyna altyn sahypalary ýazdy. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda eziz Diýarymyz dünýä ýüzünde ylalaşygyň, dost-doganlygyň hem-de parahatçylygyň mekany hökmünde abraý-mertebesini artdyrdy. Muny döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen awgust aýynyň başynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak köp sanly ýokary derejeli halkara çäreler aýdyňlygy bilen görkezýär. Hormatly Prezidentimiz: «Biz mundan beýläk hem Hazarýaka ýurtlaryň arasyndaky doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, parahatçylyk, dostluk, ylalaşyklylyk deňzi hökmünde gojaman Hazaryň derejesini berkitmäge hemmetaraplaýyn ýardam bereris. Bu sebitiň halklaryny köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar birleşdirýär» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň şu pähimli jümlelerinden ugur alyp, gazetimiziň şu sanynda Hazarýaka döwleti bolan Azerbaýjan Respublikasynyň dostlukly halkynyň ruhy dünýäsini açyp görkezýän folklor eserleri hakynda maglumatlary okyjylarymyza ýetirýäris.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

Geçen hepdäniň şenbe güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz goňşy döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli wezipesinde özbek halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlarda ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny we dünýä giňişliginde öz abraýyny pugtalandyrýandygyny belledi.

Ugur — netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge tarap

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherine iberilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň amala aşyran saparynyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça ikitaraplaýyn möhüm duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen geçirilen duşuşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň şu günki ýagdaýyna we geljegine garaldy.

Türkmenistan — Ýaponiýa: strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýoly bilen

Türkmen wekiliýeti Tokioda möhüm duşuşyklary geçirdi hem-de Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherine iberilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň amala aşyran saparynyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça ikitaraplaýyn möhüm duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.

Adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi

Aşgabat, 24-nji iýul (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine bu düzümleriň ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garamak girizildi. Şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleri, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň geljekki wezipeleri hem-de möhüm ugurlary kesgitlenildi.

Gurban baýramy dabaraly bellenilip geçildi

Ynsanperwerligiň baýramy Her bir milletde özüne has ýakyn baýramlaryň bolşy ýaly, musulman dünýäsiniň hem belli baýramlary bolup, olaryň biri Gurban baýramydyr. Bu baýram asyrlar aşyp, dowam edip gelýän dessur bolup, esasy ýerine ýetirilýän ybadatlar gurbanlyk çalmakdyr. Bu baýramçylygyň terbiýeçilik ähmiýeti hem uludyr. Ol adamlara ynsanperwerligi, birek-biregi sylamaklygy, gowy gatnaşykda bolmaklygy, mätäje kömek etmekligi ündeýär. Biziň ýurdumyzda hem Gurban baýramy döwlet derejesinde uly dabara bilen bellenip geçilýär. Göwni açyk türkmen halkymyz asyrlarboýy bu baýrama uly sarpa goýup, şadyýan, şagalaňly baýram hökmünde belläp gelýär.

Türkmenistan we BMG: işjeň halkara hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiz parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we adalatlylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýar. Eziz Diýarymyzda ählumumy ykrar edilen halkara ýörelgelerden ugur alnyp, dünýäniň ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklar giňden ýola goýulýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyna esaslanyp alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty hoşniýetli daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi bolup durýar. Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasy, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, hemişelik Bitaraplyk dünýä ýurtlarynyň içerki işlerine goşulmazlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatsöýüjilikli, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy jemgyýetde durnuklylygy we ylalaşygy pugtalandyrmaga, sebitiň we dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy merkez, şeýle-de parahatçylygy dörediji, ösdüriji we berkidiji döwlet hökmünde hem tanalýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda, ýagny şu ýylyň 16-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýa

Telefon arkaly söhbetdeşlik

20-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň golaýda saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramynyň gelmegi bilen birek-biregi gutladylar hem-de dostlukly goňşy döwletleriň halklaryna parahatçylyk we bagt arzuw etdiler.

Türkmenistan — Eýran: gatnaşyklaryň dost-doganlyk derejesi

20-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň golaýda saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramynyň gelmegi bilen birek-biregi gutladylar hem-de dostlukly goňşy döwletleriň halklaryna parahatçylyk we bagt arzuw etdiler. Hormatly Prezidentimiz Seýed Ebrahim Raisini golaýda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 5-nji awgustynda geçiriljek Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasyna gatnaşmak baradaky iberen çakylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz wezipä girişmek dabarasynyň ýurdumyzda ozal ylalaşylan ýokary derejeli halkara çäreleriň geçirilýän senesine gabat gelýändigi sebäpli, bu möhüm çärä hut özüniň gatnaşmagyna mümkinçilik bermeýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Eýrana ýokary derejeli türkmen wekiliýeti iberiler.