Türkmenistan — Özbegistan: dostlukly gatnaşyklara ygrarlylyk

26 Iýul 2021
910

24-nji iýulda hormatly Prezidentimiz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Milli Liderimiz goňşy döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli wezipesinde özbek halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz özbek Liderini we Özbegistanyň halkyny geçen mukaddes Gurban baýramy bilen gutlady. Prezident Şawkat Mirziýoýew gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, häzirki döwürde özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça täze ösüşe eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Taraplar döwletara gatnaşyklaryň ýeten derejesine ýokary baha berip, gadymdan gelýän dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk arkaly ösdürilýän we doganlyk halklaryň bähbidine laýyk gelýän strategik hyzmatdaşlyga özara ygrarlydyklaryny beýan etdiler.

"Nesil".