Bank ulgamy kämilleşýär

28 Iýul 2021
1013

Hyzmatlar ösdürilýär

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, bank ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Karz edaralary tarapyndan ilatymyza täze amatly we döwrebap hyzmatlaryň görnüşleri hödürlenýär. Häzirki wagtda karz edaralary tarapyndan nagt däl hasaplaşyklaryň üsti bilen pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň ýaýrawyny giňeltmek babatda hem işler alnyp barylýar. Elektron hasaplaşyk kartlarynyň, töleg terminallarynyň, bankomatlaryň sany, “Internet bank” we “Mobil bank” ulgamlarynyň üsti bilen geçirilýän hasaplaşyklaryň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şeýle hem bankymyz tarapyndan “Altyn asyr” bank kartlaryny saklaýjy müşderilere amatly şertleri döretmek maksady bilen, töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşinde geçirilýän tölegler boýunça “Cash back” höweslendiriş hyzmatynyň möçberi 2 göterim derejesinde ýokarlandyryldy.