Hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär

27 Iýul 2021
941

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherine iberildi. Wekiliýetiň amala aşyran saparynyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça ikitaraplaýyn möhüm duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen geçirilen duşuşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň şu günki ýagdaýyna we geljegine garaldy.

«Mugallymlar gazeti».