Türkmenistan we BMG: işjeň halkara hyzmatdaşlyk

22 Iýul 2021
1142

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiz parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we adalatlylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýar. Eziz Diýarymyzda ählumumy ykrar edilen halkara ýörelgelerden ugur alnyp, dünýäniň ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklar giňden ýola goýulýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyna esaslanyp alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty hoşniýetli daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi bolup durýar. Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasy, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, hemişelik Bitaraplyk dünýä ýurtlarynyň içerki işlerine goşulmazlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatsöýüjilikli, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy jemgyýetde durnuklylygy we ylalaşygy pugtalandyrmaga, sebitiň we dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň özeni bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy merkez, şeýle-de parahatçylygy dörediji, ösdüriji we berkidiji döwlet hökmünde hem tanalýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda, ýagny şu ýylyň 16-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamanyň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen işleriniň üstünliklere beslenýändiginiň subutnamasydyr. Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň alnyp barylýan gatnaşyklar barha üstünliklere beslenýär. Türkmenistany özüne ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýan BMG-niň bu Kararnamany kabul etmegi, ýurdumyza bildirýän belent ynamydygyny görkezýär, şeýle-de BMG-niň agza döwletleriň 72-si bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi has-da guwandyryjydyr.

Aýna TANGYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.