Edebi dostluk daragty

26 Iýul 2021
871

Redaksiýadan:

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýylynyň içinde baky Bitarap döwletimiz ösüşiň täze belentliklerine çykyp, öz şöhratly taryhyna altyn sahypalary ýazdy. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda eziz Diýarymyz dünýä ýüzünde ylalaşygyň, dost-doganlygyň hem-de parahatçylygyň mekany hökmünde abraý-mertebesini artdyrdy. Muny döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen awgust aýynyň başynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak köp sanly ýokary derejeli halkara çäreler aýdyňlygy bilen görkezýär. Hormatly Prezidentimiz: «Biz mundan beýläk hem Hazarýaka ýurtlaryň arasyndaky doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, parahatçylyk, dostluk, ylalaşyklylyk deňzi hökmünde gojaman Hazaryň derejesini berkitmäge hemmetaraplaýyn ýardam bereris. Bu sebitiň halklaryny köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar birleşdirýär» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň şu pähimli jümlelerinden ugur alyp, gazetimiziň şu sanynda Hazarýaka döwleti bolan Azerbaýjan Respublikasynyň dostlukly halkynyň ruhy dünýäsini açyp görkezýän folklor eserleri hakynda maglumatlary okyjylarymyza ýetirýäris.

Aýsenem GURBANOWA,
«Watan».