Gurban baýramy dabaraly bellenilip geçildi

23 Iýul 2021
960

Ynsanperwerligiň baýramy

Her bir milletde özüne has ýakyn baýramlaryň bolşy ýaly, musulman dünýäsiniň hem belli baýramlary bolup, olaryň biri Gurban baýramydyr. Bu baýram asyrlar aşyp, dowam edip gelýän dessur bolup, esasy ýerine ýetirilýän ybadatlar gurbanlyk çalmakdyr. Bu baýramçylygyň terbiýeçilik ähmiýeti hem uludyr. Ol adamlara ynsanperwerligi, birek-biregi sylamaklygy, gowy gatnaşykda bolmaklygy, mätäje kömek etmekligi ündeýär. Biziň ýurdumyzda hem Gurban baýramy döwlet derejesinde uly dabara bilen bellenip geçilýär. Göwni açyk türkmen halkymyz asyrlarboýy bu baýrama uly sarpa goýup, şadyýan, şagalaňly baýram hökmünde belläp gelýär.