Türkmenistan — Eýran: gatnaşyklaryň dost-doganlyk derejesi

21 Iýul 2021
1042

20-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň golaýda saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramynyň gelmegi bilen birek-biregi gutladylar hem-de dostlukly goňşy döwletleriň halklaryna parahatçylyk we bagt arzuw etdiler. Hormatly Prezidentimiz Seýed Ebrahim Raisini golaýda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 5-nji awgustynda geçiriljek Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasyna gatnaşmak baradaky iberen çakylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz wezipä girişmek dabarasynyň ýurdumyzda ozal ylalaşylan ýokary derejeli halkara çäreleriň geçirilýän senesine gabat gelýändigi sebäpli, bu möhüm çärä hut özüniň gatnaşmagyna mümkinçilik bermeýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Eýrana ýokary derejeli türkmen wekiliýeti iberiler.

"Nesil".