Merkezi Aziýa — bäş millet, bäş döwlet: bir medeniýet, bir taglymat — bagtly geljek
Ine, žurnalistleriň köpden bäri: «Taryhy gün bolar” diýip atlandyran güni — 6-njy awgust hem gelip ýetdi. Bu gün dünýäniň ýüzi Ýewraziýa giňişligindäki gojaman Hazaryň türkmen kenaryna gönükdi. Dünýäniň iri tele-radio ýaýlymlarynyň kameralary hem mikrofonlary Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda boljak wakalary gyzgyny bilen alyp görkezmäge we eşitdirmäge taýýar bolup durlar. Bu gün bu ýerde Merkezi Aziýa sebitiniň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy we onuň bilen utgaşyklylykda bellenilen çäreler geçiriler. Ol çäreler, atlaryndan hem belli bolşy ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlaryny nazarlaýar. Hut şu sebäpli-de, ýagny Merkezi Aziýany nazarlaýandygy üçin hem şu günüň wakalary dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Bu, biziň pikirimizçe, juda üns berilmeli ýagdaýdyr. Sebäbimi?! Sebäbi şu günki wakalaryň bir günde, toplumlaýyn, özi-de sebitiň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilmegi Merkezi Aziýa döwletleriniň ösüşiň täze basgançagyna aýak goýýandyklaryny, bu gadamyň hem biziň döwletlerimiziň her birine şowlulyk getirjekdigini, sebit üçin örän ähmiýetli boljakdygyny aýdyp bolar. Basgançak bilen ýokary galdygyňça, uzaklary görüp bolýar... hem-de özüňi görkezip bolýar. Biziň ýaşaýan sebitimiz bolsa şeýledir: bu ýerde ýaşaýan halklaryň-milletleriň meňzeş taraplary örän kändir. Biziň bilimimiz, işbaşarjaňlygymyz, zähmetsöýerligimiz, Watana, halka, maşgalamyza w