Türkmen-täjik gatnaşyklary ösdürilýär

6 Awgust 2021
884

Öňňin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady. Milli Liderimiz ir bilen paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Biraz wagtdan soň, bu ýere ýurdumyzda döwlet sapary bilen bolýan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem geldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany mähirli garşylady.

Iki doganlyk döwletiň Baştutanlary Aşgabadyň Halkara howa menziliniň belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen zalyna bardylar. Bu ýerde iki dostlukly ýurduň Prezidentleriniň çaý başynda söhbetdeşligi boldy. Onuň dowamynda ösüşiň täze derejesine çykan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň meseleleri, paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Söhbetdeşlik tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz täjik kärdeşini uçara münmäge çagyrdy. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary Arkadag Prezidentimiziň uçarynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna we beýleki halkara ähmiýetli çärelere gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna tarap ugradylar. Howa giňişligine aralaşan uçarda iki dostlukly döwletiň Prezidentleriniň özara söhbetdeşligi dowam etdi. Biraz wagtdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanlary mähirli garşylandy.

«Aşgabat».