Hyzmatdaşlygyň täze belentliklerini nazarlap

6 Awgust 2021
829

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda sebit boýunça goňşular bilen dostluk gatnaşyklaryny hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 6-njy awgustda Türkmenistanda, Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi. Onuň çäklerinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy hem dost-doganlyk gatanşyklaryndan ugur alýar. Ol köpugurly sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, ony häzirki döwrüň talaplaryna hem-de bar bolan mümkinçiliklerine laýyk getirip täze belentliklere çykarmaga gönükdirilendir.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen konsultatiw duşuşygy doly möçberli sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine we doganlyk ýurtlaryň hem-de halklaryň bähbitlerine laýyk gelýär.

Ýörite habarçymyz.