Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary

5 Awgust 2021
911

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň artmagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşary syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesidir. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyz baradaky aladasy, ýurdy okgunly ösdürmäge ýardam edýän özgertmeleri uly işler bilen utgaşýar. Munda esasy maksat döwletimizde hem-de sebitde we bütin dünýäde parahatçylygyň, syýasy we ykdysady durnuklylygyň berkararlygyny üpjün etmek bolup durýar.

Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyz üçin möhüm ugurlaryň biridir. 2021-nji ýylyň 17-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda meýilleşdirilen halkara çärelere görülýän taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täçnabat PAÝTYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.