Telefon arkaly söhbetdeşlik

6 Awgust 2021
981

Öňňin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, ikiçäk söhbetdeşlikde iki doganlyk halkyň köpasyrlyk dostluk, ynam we özara hormat goýmak ýörelgeleriniň ygtybarly binýadynda guralýan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.