Ýörelgeleriň üýtgewsizligi we yzygiderliligi

6 Awgust 2021
1085

Hormatly Prezidentimiziň çagyrmagy boýunça Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistana döwlet sapary türkmen-täjik gatnaşyklarynda täze sahypany açdy.

Saparyň örän netijeli bolandygyna iki döwletiň Prezidentleriniň kabul eden Bilelikdäki Beýannamasyndan başga-da, onuň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň giden toplumy hem subut edýär. Ol resminamalar Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň häzirki zaman hyzmatdaşlygynyň şertnamalaýyn-hukuk esaslaryny emele getirdiler. Özi-de şunda olaryň düýbünden täze gatnaşyklary ýola goýandyklaryny däl-de, ozaldan bar bolan we durmuşa üstünlikli geçirilip ýörlen türkmen-täjik gatnaşyklaryny öňküsinden has giňeldendiklerini nygtamaly. Şu nukdaýnazardan alanyňda, döwlet sapary mahalynda ikitaraplaýyn gol çekilen resminamalaryň döwletleriň birek-birek üçin strategik hyzmatdaşlardygyny görkezýändigini nygtap bolar. Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz gepleşikler mahalynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň gatnaşyklary Merkezi Aziýa giňişliginde durnuklylygy saklamak bilen netijeli ösüş ýagdaýlar babatda esasy ugry emele getirýär diýip, iki ýurduň ýörelgeleriniň üýtgewsizdigini we yzygiderlidigini belledi.

Geldi SEÝITGULYÝEW.