Merkezi Aziýa: dost-doganlygyň aýdyň ýoly

5 Awgust 2021
997

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz taryhy wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýäde belent abraýa eýe bolup, oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Eziz Diýarymyzyň halkara derejesindäki maslahatlaryň, festiwallaryň geçirilýän merkezine öwrülmegi halklaryň medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryny has-da berkidýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan parahatçylyk dörediji ýurt diýlip dünýäde tanalýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilmegini taryhy waka diýip bellemek bolar. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň festiwaly, sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti halkara derejesindäki uly wakalardyr.

Söhbet NURBERDIÝEW,
«Mugallymlar gazeti».