Dost-doganlygyň röwşen ýoly bilen

6 Awgust 2021
949

Golaýda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täjik Lideriniň saparynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilen gabat gelendigini aýdyp, Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň sebit we dünýä syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek işinde tagallalaryny birleşdirýändigini belledi. Bu duşuşygyň gün tertibine sebiti ösdürmek, hususan-da, häzir hemmeleri biynjalyk edýän Owganystandaky ýagdaý bilen bagly meseleler girizildi.