"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine

14-nji dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda birinji üçtaraplaýyn sammit geçirildi. Şol gün ir bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Awazadaky Kongresler merkezine geldi. Bu ýerde sammitiň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki dostlukly döwletiň Baştutanlary bilen duşuşdy. Şeýle hem bu ýerde hormatly Prezidentimiz forumyň öňüsyrasynda azerbaýjan we türk kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Tagallalaryň birleşen nokady

Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitini şeýle häsiýetlendirmek bolar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 14-nji dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammiti geçirildi.

Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe: bir daragtyň üç mizemez şahasy

Ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygyň meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär. Soňky ýyllarda halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda munuň üçin ähli şertler döredildi. Şu gezekki sammitiň Hazaryň kenarynda geçirilmeginiň hem aýratyn manysy bardyr. Sebäbi Hazar sebiti ägirt uly kuwwata eýe bolup, Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky baglaýjy köprüdir. Munuň özi ugurlaryň giň gerimi boýunça netijeli hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri emele getirýär. DÖWLETLERIMIZ ÄGIRT ULY KUWWATA EÝE

Goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlylyk

Häzirki wagtda Türkmenistan we Azerbaýjan Respublikasy diňe bir ikitaraplaýyn esasda gatnaşyklary işjeň ösdürmek bilen çäklenmän, halkara giňişlikde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Çünki bu ýurtlaryň halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlary biri-birine ýakyndyr. Şoňa görä-de, 14-nji dekabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýokary derejedäki birinji türkmen-azerbaýjan-türk sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy. Hormatly Prezidentimiz ikiçäk duşuşykda köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň tutuş toplumy boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirip, türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilýän ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşýandygy üçin azerbaýjan kärdeşine minnetdarlyk bildirdi. Azerbaýjan Lideri Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe görnüşindäki sammitiň möhüm ähmiýetini nygtap, bu duşuşygyň ynanyşmak, deňhukuklylyk we milli bähbitleri hasaba almak ýörelgelerinde guralýan goňşy döwletleriň däp bolan hyzmatdaşlygyna täze kuwwatly itergi berjekdigini aýtdy. Söhbetdeşler türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygy meselelerine geçip, köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, ösüşiň täze tapgyryny alamatlandyrýan özara bähbitli hyzmatdaşlyg

Okgunly ösdürilýän hyzmatdaşlyk

Türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň kemala gelen ýörelgeleri, diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününden bäri, 30 ýylyň dowamynda ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýratyn häsiýeti has-da berkedi, iki doganlyk halkyň we döwletiň arasynda okgunly ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýadyny döretdi. Şoňa görä-de, 14-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Söhbetdeşler deňhukuklylyk we özara bähbitli ýörelgelere daýanýan hem-de häzirki döwürde hil taýdan täze derejä eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Döwlet Baştutanymyz türk Liderine «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe görnüşindäki ýokary derejeli şu gezekki duşuşyga gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça ileri tutulýan ugurlar barada pikir alşyldy. Taraplar netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen belläp, ýokary we Hökümet derejesinde ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmu

Awaza sammiti: bilelikdäki tagallalar işjeňleşdirilýär

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň yzygiderli geçirilýän ýeri hökmünde çykyş edýär. Bu duşuşyklar we gepleşikler uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna has oňaýly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Muňa 14-nji dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde hormatly Prezidentimiziň, şeýle hem Azerbaýjan we Türkiýe Respublikalarynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen birinji üçtaraplaýyn sammit aýdyň şaýatlyk edýär. Taryhy kökleri bir bolan Türkmenistan, Azerbaýjan hem-de Türkiýe döwletleri hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyna eýedirler. Bu ýurtlaryň geografik we geosyýasy taýdan amatly ýerleşmekleri hyzmatdaşlygy has doly derejede amala aşyrmaga şert döredýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen geçirilen birinji üçtaraplaýyn sammit aýratyn ähmiýete eýedir we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, üç döwletiň mümkinçilikleriniň birleşdirilmegi, bilelikdäki serişdeleriň, geografik, tehnologik mümkinçilikleriň ulanylmagy diňe bir biziň ýurtlarymyzyň milli ykdysadyýetlerini ösdürmäge güýçli ýardam etmän, eýsem, bütin Ýewraziýa giňişliginde geoykdysady düzümlere täze dörediji many-mazmun we häsiýet hem

Dostluk, ynanyşmak, netijelilik

14-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Hormatly Arkadagymyz Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe birinji üçtaraplaýyn sammitiniň dünýä möçberindäki taryhy ähmiýetini belläp, şu gezekki duşuşygyň hyzmatdaşlygyň geljek üçin ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge, üç doganlyk ýurduň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan halkara deňiz şypahanasy derejesine eýe bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolmagyna örän şatdygyny aýdyp, türkmen-türk dialogynyň birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek we ylalaşykly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine berýän ünsüni aýratyn belledi. Dostluk, ynanyşmak we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy. 30 ýylyň dowamynda ýurtlarymyz tarapyndan dürli derejelerdäki hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly tagallal

Uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik

14-nji dekabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän üçtaraplaýyn sammitiň dostlukly ýurtlaryň ýakyn geljek hem-de uzak möhletleýin döwürde hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, şeýle hem döwletara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin oňyn mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi. Söhbetdeşler häzirki wagtda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň uzak möhletleýin we özara bähbitli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz sebitleýin we halkara guramalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Ýokary derejede geçirilýän duşuşyklar hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy hanym Sahiba Gafarowanyň Türkmenistana bolan saparynyň we onuň çäklerinde gol çekilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň ähmiýetini nygtady.

Gadyrly gatnaşyklaryň täze gözýetimleri

Sagdynlygyň sakasy, ruhubelentligiň gözbaşy, ýeňişlere ruhlandyrýan güýç hökmünde adamzat jemgyýetiniň durmuşyndaky orny barha berkeýän sportuň halklaryň arasynda dost-doganlygyň pugtalandyrylmagyndaky ähmiýeti hem artýar. Hormatly Prezidentimiz sporty halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, dünýä döwletleri bilen ösdürilýän gatnaşyklarda bu ulgamyň ornuny hemişe üns merkezine saklaýar. 14-nji dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda geçirilen birinji üçtaraplaýyn sammitinde hem bu hakykata nobatdaky gezek göz ýetirdik. Ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygyň meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär we olary durmuşa geçirmegiň nusgalyk göreldesini görkezýär. Diýarymyzda yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklardyr gepleşikler uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna has oňaýly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny aýan edýär. Türkiýe Respublikas

Türkmenistanyň üstünden geçýän “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi boýunça ýük akymy birnäçe esse artýar

Türkmenistanyň üstünden geçýän “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň günorta ugry boýunça yzygiderli ösüş bellige alyndy. Eger 2021-nji ýylda onuň üstünden 700 tonna ýük daşalan bolsa, 2022-nji ýylyň 11 aýynda Eýran, Günorta Aziýa we Pars aýlagynyň ýurtlary bilen gatnawda 62 müň tonna golaý we 220 konteýnerler daşaldy. Şeýle maglumatlar RF-niň hökümetiniň saýtynda getirilýär. Şonda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň ýakynda geçen mejlisi baradaky hasabat ýerleşdirilipdir.  “Bu geçelgäni Gündogar ugruny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri görýäris, şonuň üsti bilen soňra Türkmenistanyň çäklerinden Eýranyň we Hindistanyň çäklerine çykyp bolýar – diýip, RF-niň hökümetiniň metbugat gullugy RF-niň kökümet başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň sözlerine salgylanýar. – Hazaryň rus we Türkmenbaşy şäheriniň  deňiz portlaryny giň gerimli ugurlar boýunça peýdalanmaga taýýardyrys”.

Awaza sammiti: üçtaraplaýyn hyzmatdaşlykda täze döwür

Ýokary derejedäki duşuşyklar hemişe döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm tapgyra öwrülip, geljek üçin aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Öňňin, 14-nji dekabrda taryhy hem häzirki zaman ösüş ugurlary örän ýakyn bolan üç türki döwletiň — Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň Hazaryň türkmen kenarynda duşuşyp, gepleşikleri geçirmegi iňňän uly wakadyr. Bilelikde hereket edip, menzil geçmek, netije gazanmak üçin öňde goýulýan maksatlaryňdyr eýerilýän gymmatlyklaryň, bar bolan mümkinçilikleriňdir şertleriň deňagramlylygy, özara sazlaşygy zerur. Şonuň bilen bir hatarda hem, ynanyşmak, döwrüň talaplaryna, dünýäniň syýasy, ykdysady ýagdaýlaryna degerli baha berip, dogry netije çykarmagy başarmak ösüş maksatnamalaryny amala aşyrmaga şert döredýär. Bu hakykat Halkara Bitaraplyk gününiň yzysüre, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň bosagasynda geçirilen üçtaraplaýyn sammitiň mysalynda ýene bir gezek tassyk tapdy.

Pikirler, garaýyşlar

Jeýhun BAÝRAMOW,Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri:

Işewürlik hyzmatdaşlygy giňeldilýär

Awaza, 14-nji dekabr (TDH). Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitiniň çäklerinde dostlukly ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy boldy. Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň bar bolan ägirt uly söwda-ykdysady kuwwatynyň, hususan-da, senagat, energetika, gurluşyk, oba hojalygy, ulag we beýleki ulgamlarda bar bolan mümkinçilikleri bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Awaza, 14-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, deňhukuklylyk we özara bähbitli ýörelgelere daýanýan hem-de häzirki döwürde hil taýdan täze derejä eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Awaza, 14-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejedäki birinji türkmen-azerbaýjan-türk sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz ikiçäk duşuşykda köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň tutuş toplumy boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirip, türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilýän ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşýandygy üçin azerbaýjan kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň hyzmatdaşlygynyň täze tapgyry

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammiti geçirildi Awaza, 14-nji dekabr (TDH). Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda birinji üçtaraplaýyn sammit geçirildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Awaza, 14-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany mähirli garşylap hem-de oňa Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe birinji üçtaraplaýyn sammitiniň dünýä möçberindäki taryhy ähmiýetini belledi hem-de şu gezekki duşuşygyň hyzmatdaşlygyň geljek üçin ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge, üç doganlyk ýurduň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Awaza, 14-nji dekabr (TDH). Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy. Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjan Respublikasynyň Baştutanyny “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda mähirli garşylap, Prezident Ilham Aliýewe üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin ýurdumyza gelmäge çakylygy kabul edendigine minnetdarlyk bildirip, geçiriljek gepleşikleriň dostlukly ýurtlaryň ýakyn geljek hem-de uzak möhletleýin döwürde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, şeýle hem döwletara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin oňyn mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen duşuşygy

Awaza, 14-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy. Myhman ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny Bitaraplyk baýramy bilen gutlady hem-de eziz Watanymyzda gazanylýan üstünliklere hem-de ýetilen belent sepgitlere şatdygyny aýtdy.

Işewürlik hyzmatdaşlygy giňeldilýär

Awaza, 14-nji dekabr (TDH). Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitiniň çäklerinde dostlukly ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy boldy. Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň bar bolan ägirt uly söwda-ykdysady kuwwatynyň, hususan-da, senagat, energetika, gurluşyk, oba hojalygy, ulag we beýleki ulgamlarda bar bolan mümkinçilikleri bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.