Awaza sammiti: bilelikdäki tagallalar işjeňleşdirilýär

16 Dekabr 2022
418

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň yzygiderli geçirilýän ýeri hökmünde çykyş edýär. Bu duşuşyklar we gepleşikler uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna has oňaýly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Muňa 14-nji dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde hormatly Prezidentimiziň, şeýle hem Azerbaýjan we Türkiýe Respublikalarynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen birinji üçtaraplaýyn sammit aýdyň şaýatlyk edýär.

Taryhy kökleri bir bolan Türkmenistan, Azerbaýjan hem-de Türkiýe döwletleri hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyna eýedirler. Bu ýurtlaryň geografik we geosyýasy taýdan amatly ýerleşmekleri hyzmatdaşlygy has doly derejede amala aşyrmaga şert döredýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen geçirilen birinji üçtaraplaýyn sammit aýratyn ähmiýete eýedir we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, üç döwletiň mümkinçilikleriniň birleşdirilmegi, bilelikdäki serişdeleriň, geografik, tehnologik mümkinçilikleriň ulanylmagy diňe bir biziň ýurtlarymyzyň milli ykdysadyýetlerini ösdürmäge güýçli ýardam etmän, eýsem, bütin Ýewraziýa giňişliginde geoykdysady düzümlere täze dörediji many-mazmun we häsiýet hem berer. Hut şonuň üçin-de, ileri tutulýan ugurlar boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda sammitiň üçtaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berjekdigi bellenildi.

Remezan JUMAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.