Işewürlik hyzmatdaşlygy giňeldilýär

15 Dekabr 2022
413

Awaza, 14-nji dekabr (TDH). Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitiniň çäklerinde dostlukly ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy boldy.

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň bar bolan ägirt uly söwda-ykdysady kuwwatynyň, hususan-da, senagat, energetika, gurluşyk, oba hojalygy, ulag we beýleki ulgamlarda bar bolan mümkinçilikleri bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.