Uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik

16 Dekabr 2022
519

14-nji dekabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän üçtaraplaýyn sammitiň dostlukly ýurtlaryň ýakyn geljek hem-de uzak möhletleýin döwürde hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, şeýle hem döwletara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin oňyn mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi. Söhbetdeşler häzirki wagtda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň uzak möhletleýin we özara bähbitli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz sebitleýin we halkara guramalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Ýokary derejede geçirilýän duşuşyklar hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy hanym Sahiba Gafarowanyň Türkmenistana bolan saparynyň we onuň çäklerinde gol çekilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň ähmiýetini nygtady.

"Nesil".