Goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlylyk

16 Dekabr 2022
354

Häzirki wagtda Türkmenistan we Azerbaýjan Respublikasy diňe bir ikitaraplaýyn esasda gatnaşyklary işjeň ösdürmek bilen çäklenmän, halkara giňişlikde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Çünki bu ýurtlaryň halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlary biri-birine ýakyndyr. Şoňa görä-de, 14-nji dekabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýokary derejedäki birinji türkmen-azerbaýjan-türk sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

Hormatly Prezidentimiz ikiçäk duşuşykda köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň tutuş toplumy boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirip, türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilýän ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşýandygy üçin azerbaýjan kärdeşine minnetdarlyk bildirdi. Azerbaýjan Lideri Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe görnüşindäki sammitiň möhüm ähmiýetini nygtap, bu duşuşygyň ynanyşmak, deňhukuklylyk we milli bähbitleri hasaba almak ýörelgelerinde guralýan goňşy döwletleriň däp bolan hyzmatdaşlygyna täze kuwwatly itergi berjekdigini aýtdy. Söhbetdeşler türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygy meselelerine geçip, köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, ösüşiň täze tapgyryny alamatlandyrýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine taraplaryň ýokary gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

"Nesil".