Awaza sammiti: üçtaraplaýyn hyzmatdaşlykda täze döwür

16 Dekabr 2022
553

Ýokary derejedäki duşuşyklar hemişe döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm tapgyra öwrülip, geljek üçin aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Öňňin, 14-nji dekabrda taryhy hem häzirki zaman ösüş ugurlary örän ýakyn bolan üç türki döwletiň — Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň Hazaryň türkmen kenarynda duşuşyp, gepleşikleri geçirmegi iňňän uly wakadyr.

Bilelikde hereket edip, menzil geçmek, netije gazanmak üçin öňde goýulýan maksatlaryňdyr eýerilýän gymmatlyklaryň, bar bolan mümkinçilikleriňdir şertleriň deňagramlylygy, özara sazlaşygy zerur. Şonuň bilen bir hatarda hem, ynanyşmak, döwrüň talaplaryna, dünýäniň syýasy, ykdysady ýagdaýlaryna degerli baha berip, dogry netije çykarmagy başarmak ösüş maksatnamalaryny amala aşyrmaga şert döredýär. Bu hakykat Halkara Bitaraplyk gününiň yzysüre, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň bosagasynda geçirilen üçtaraplaýyn sammitiň mysalynda ýene bir gezek tassyk tapdy.

Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”.