Okgunly ösdürilýän hyzmatdaşlyk

16 Dekabr 2022
356

Türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň kemala gelen ýörelgeleri, diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününden bäri, 30 ýylyň dowamynda ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýratyn häsiýeti has-da berkedi, iki doganlyk halkyň we döwletiň arasynda okgunly ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýadyny döretdi. Şoňa görä-de, 14-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler deňhukuklylyk we özara bähbitli ýörelgelere daýanýan hem-de häzirki döwürde hil taýdan täze derejä eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Döwlet Baştutanymyz türk Liderine «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe görnüşindäki ýokary derejeli şu gezekki duşuşyga gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça ileri tutulýan ugurlar barada pikir alşyldy. Taraplar netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen belläp, ýokary we Hökümet derejesinde ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna ýokary baha berdiler. Türkiýäniň ykdysady ulgamda Türkmenistanyň köpýyllyk ygtybarly hyzmatdaşy bolmak bilen, haryt dolanyşygy we maýa goýumlar babatynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de bilelikdäki täze, giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýetli gurallary hökmünde Hökümetara toparyň we Işewürler geňeşiniň ähli mümkinçiliklerini herekete girizmegiň zerurdygy nygtaldy.

"Nesil".