Dostluk, ynanyşmak, netijelilik

16 Dekabr 2022
321

14-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Hormatly Arkadagymyz Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe birinji üçtaraplaýyn sammitiniň dünýä möçberindäki taryhy ähmiýetini belläp, şu gezekki duşuşygyň hyzmatdaşlygyň geljek üçin ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge, üç doganlyk ýurduň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan halkara deňiz şypahanasy derejesine eýe bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolmagyna örän şatdygyny aýdyp, türkmen-türk dialogynyň birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek we ylalaşykly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine berýän ünsüni aýratyn belledi. Dostluk, ynanyşmak we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy. 30 ýylyň dowamynda ýurtlarymyz tarapyndan dürli derejelerdäki hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly tagallalaryň edilendigi bellenildi.

"Nesil".