"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Türkmenistanyň ulag işgärleri multimodal üstaşyr ýük daşamagyň möçberini artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşyldylar

Ýakynda ýurdumyzyň ulag ulgamynyň wekilleri «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň binasynda multimodal üstaşyr ýük daşamagyň möçberini artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada turkmenistan.gov.tm habar berýär. «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, ýygnaga gatnaşyjylara üçünji ýurtlardan Türkmenistana ýükler getirilende we Türkmenistanyň çägindäki ulaglara ýük ýüklenende haryt gymmatlyklary baradaky resminama we ýük awtoulaglarynyň eýelerine haryt daşamak üçin rugsatnamalar berlende «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasynyň berýän ýeňillikleriniň şertleri barada habar berildi.

Muzeý hünärmenleriniň duşuşygy

Mary welaýatynyň çäklerindäki ýadygärlikleri öwrenmekde we rejeleýiş işlerini alyp barmakda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Tehas uniwersitetiniň taryhy binalary dikeltmek boýunça hünärmenleri hem-de Metropoliten sungat muzeýiniň wekilleri 1 — 8-nji aprel aralygynda ýurdumyzda saparda boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Metropoliten sungat muzeýiniň ozal baglaşan Arheologik ylmy-barlag işleri babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy esasynda Daňdanakan we Kuşmeýhan ýadygärliklerinde arheologik gazuw-barlag işleri dowam etdirilýär. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň «Medeni mirasy gorap saklamak barada Ilçiniň gaznasy» maksatnamasynyň taslamasy boýunça Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň golaýynda ýerleşýän Hudaýnazar mawzoleýinde alnyp baryljak işleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde geçirilen duşuşyk diýseň täsirli boldy. Duşuşyga türkmen tarapyndan muzeýiň direktory Meretgeldi Çaryýew, Türkmenistanyň Taryhy ýadygärliklerini goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň başlygy Muhammet Mämmedow, taryhy-medeni goraghanalaryň ýolbaşçylary we muzeý hünärmenleri gatnaşdylar. Amerikan tarapyndan Tehas uniwersitetiniň taryhy binalary dikeltmek boýunça hünärmenleri — bu uniwersitetiň Binagärlik we meýilleşdiriş mekdebiniň Taryhy binalary dikeltmek boýunça maksatnamalarynyň

Söwda toplumynyň sergisi üstünlikli geçirildi

4 – 6-njy aprel aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisi geçirildi. Ir säherde hormatly Prezidentimiziň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyndan badalga alan açylyş dabarasy sungat ussatlarymyzyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriň, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýurdumyzyň söwda toplumynyň gazanan üstünliklerini, harytlaryň öndürilişiniň möçberini giňeltmekde we hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde geljekki mümkinçilikleri görkezmäge gönükdirilen bu sergä 100-den gowrak kärhana, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Söwda maglumat portaly resmi taýdan işe başlady

Türkmenistanyň Söwda toplumynyň ýakynda geçirilen sergisiniň çäklerinde Söwda maglumat portaly resmi taýdan işe girizildi. Ýurdumyzda ilkinji resmi taýdan söwda portalynyň işe girizilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ýokary derejeli wekilleri, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Diego Luiz Alonso, Halkara söwda merkeziniň söwdany goldamak we işewürlik syýasaty bölüminiň başlygy Mohammad Said, şeýle-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylara bu resmi portalyň döreýiş taryhy, ulanylyş aýratynlyklary we ýerine ýetirýän amallary hakda giňişleýin gürrüň berlip, wideorolikdir prezentasiýalar arkaly tanyşdyryldy. Maglumatlara görä, portalyň Türkmenistanda açylmagy bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy — Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan üçin aç-açan serhetüsti söwda amallary elýeterli boldy.

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň Gümrük gulluklarynyň onlaýn maslahatyna gatnaşdy

6-njy aprelde Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük müdirliginiň teklibi boýunça Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň Gümrük gulluklarynyň wekilleriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy boldy. Hytaý tarapy ozal Merkezi Aziýa — Hytaý Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň mehanizmini döretmek barada başlangyjyny öňe sürüpdi.

Gün tertibinde daşky gurşawy goramak

«7/24. tm», № 15 (150), 10.04.2023. Hormatly Prezidentimiz Ser­dar Berdimuhamedowyň Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne gi­ri­şen il­kin­ji ýy­lyn­da ýur­du­my­zyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 77-nji ses­si­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy­nyň Orun­ba­sar­ly­gy­na saý­la­nan­dy­gy ba­ra­da hoş ha­ba­ryň ge­lip go­wuş­ma­gy äh­li il­deş­le­ri­mi­zi be­gen­di­rip­di. Ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly, ýur­du­my­za bil­di­ri­len bu hal­ka­ra ynam şu gün­ki gün özü­niň aý­dyň ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär. Bu ha­ky­kat ýa­kyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 77-nji ses­si­ýa­sy­nyň çä­gin­de ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­li mas­la­hat­da hem aý­dyň aýan bol­dy.

Oňyn hyzmatdaşlyk berk binýada esaslanýar

Häzirki döwürde Türkmenistan dünýä döwletleri bilen berk binýada esaslanan hyzmatdaşlygy barha ilerledýär. Muňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşary ýurtlaryň dürli derejeli ýolbaşçylaryny, işewür toparlaryny kabul etmegi aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. 5-nji aprelde döwlet Baştutanymyz Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek, bilelikdäki kärhanalary döretmek, olary sergilere, forumlara, ýarmarkalara çekmek boýunça işleri güýçlendirmek wajypdyr. Şunda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparyna möhüm orun degişlidir.

Dostluk. Işewürlik. Netijelilik

Ýurdumyz bilen Türkiýe Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň, gazanylýan ylalaşyklaryň netijesinde ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykýar. Muny türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky duşuşyklary aýdyňlygy bilen tassyklaýar. 4-nji aprelde hormatly Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyp, onuň dowamynda iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak we bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada aýdylyp, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini artdyrmak, olaryň halkara giňişlige goşulyşmagyny ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň içgin öwrenilýändigi bellenildi. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz suw geçiriji ulgamlaryň gurluşygy we bu ugra degişli enjamlaryň satyn alynmagy babatda türkiýeli işewürler bilen tejribe alyşmak üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.

Türkmen wekiliýetiniň Täjigistana döredijilik sapary başlandy

Düýn günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň medeniýet, sungat ussatlaryndan, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerinden ybarat bolan wekiliýet Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherine geldi. Meýilnama laýyklykda, döredijilik saparynyň çäklerinde medeniýet we sungat ussatlary bilelikdäki türkmen-täjik dostluk konsertine, Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumy bilim berýän orta mekdebiň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyny kabul etdi

Aşgabat, 5-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowy kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmany sahawatly türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu günki duşuşygyň olaryň şu ýylyň dowamynda ikinji duşuşygydygyny belledi. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ysnyşykly häsiýete eýedigine, taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we giňeltmäge meýillidigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki saparyň Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigine ynam bildirildi. Şol gatnaşyklar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar.

Dostluk ýollaryny külterläp...

Daş-töweregiňi keremli daglar gurşap dur. Şahyr aýtmyşlaýyn, daglaryň üstünden daglar görünýär. Magtymgulynyň mekanyna aralaşdygyňsaýy ýürek tolgunmaň artýar. Daşyňyzdan aýlanaýyn,Daşyňyzdan aýlanaýyn,Başyňyzdan aýlanaýynPyragyny gören daglar...

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen duşuşdy

Aşgabat, 4-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak we bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Arkadagymyz myhmany gadyrly mübärekläp, onuň bilen ýadygärlik surata düşdi.

Hoşniýetli gat­na­şyk­la­ry­ň şan­ly wa­ka­sy

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň ýurt­la­ry, iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry we ola­ryň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri bi­len dost­luk­ly hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­ýar. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li hä­si­ýe­ti­niň, hal­ky­my­zyň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­niň dün­ýä ýa­ýyl­ma­gyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len, se­bit we hal­ka­ra gat­na­şyk­lar­da me­de­ni-yn­san­per­wer ugur bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy hem­me­ta­rap­la­ýyn hem-de yzy­gi­der­li ös­dür­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär. Şu ýy­lyň 29 — 31-nji mar­ty ara­ly­gyn­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi mu­nuň no­bat­da­ky aý­dyň su­but­na­ma­sy bol­dy. Bu Me­de­ni­ýet gün­le­ri türk­men-kö­reý dost­luk gat­na­şyk­la­ry­nyň pug­ta­lan­ma­gyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­dy.

Ýol abat — il abat

Ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek ileri tutulýan wezipeleriň biri bolup durýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän, çar ýana uzap gidýän ýollarymyzda ýol-ulag hadysalarynyň bolmazlygyny gazanmakda sürüjilere möhüm ähmiýet degişlidir. Her bir sürüji ýol hereketiniň kadalaryna gyşarnyksyz eýermelidir. Häzirki wagtda ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmekde we bu babatda oňyn netijeleri gazanmakda wagyz-nesihat işleriniň täsiri uludyr. Şonuň bilen baglylykda, Kaka etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň işgärleri etrabyň çägindäki degişli edara-kärhanalaryň sürüjileriniň arasynda wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini netijeli häsiýetde alyp barýarlar. Wagyz-nesihat işleriniň çäginde ýol hereketiniň kadalary ündelýär, şeýle-de bu babatdaky kanunçylyk düşündirilýär.

Türkmenistan halkara bileleşigiň daşky gurşawy goramak boýunça tagallalaryny goldaýar

Häzirki döwürde dünýä ýüzünde durnukly ösüşiň hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginiň möhüm şerti hökmünde ekologik meselä aýratyn ähmiýet berilýär. Zyňyndylaryň derejesini doly peseltmek boýunça Türkiýe Respublikasynyň öňe süren başlangyjy bilen baglanyşykly meseleler BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejedäki maslahatynyň gün tertibine girizildi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, bu foruma Türkmenistandan daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Ol maslahatda çykyş edip, bu mesele boýunça ýurdumyzyň eýeleýän ornuny beýan etdi. Häzirki döwürde Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak we bu ugra häzirki zamanyň ekologik taýdan ähmiýetli, täzeçil tehnologiýalaryny gönükdirmek bilen bagly meseleleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşýär. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawa zyýanly täsiri bolan ýagdaýlaryň öňüni almaga, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli işler özüniň oňyn netijesini berýär.

Türkmenistan halkara bileleşigiň daşky gurşawy goramak boýunça tagallalaryny goldaýar

Häzirki döwürde dünýä ýüzünde durnukly ösüşiň hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginiň möhüm şerti hökmünde ekologik meselä aýratyn ähmiýet berilýär. Zyňyndylaryň derejesini doly peseltmek boýunça Türkiýe Respublikasynyň öňe süren başlangyjy bilen baglanyşykly meseleler BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejedäki maslahatynyň gün tertibine girizildi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, bu foruma Türkmenistandan daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Ol maslahatda çykyş edip, bu mesele boýunça ýurdumyzyň eýeleýän ornuny beýan etdi. Häzirki döwürde Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak we bu ugra häzirki zamanyň ekologik taýdan ähmiýetli, täzeçil tehnologiýalaryny gönükdirmek bilen bagly meseleleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşýär. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawa zyýanly täsiri bolan ýagdaýlaryň öňüni almaga, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli işler özüniň oňyn netijesini berýär.

Habarlar halkara giňişlikde

«Saýlawlar — 2023»: GDA-nyň synçylarynyň işiniň netijeleri

Türkmenistandan dünýä saçylýan dostluk nurlary

Ýurdumyzyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri hakynda söhbet Mazmun taýdan baýdygy, beýik Magtymgulynyň eserleri bilen baglanyşykly baýramçylyk hyjuwyna ýugrulan düýpli çykyşlara orun berlendigi, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň dür dänelerini görkezendigi, iki tarapyň ylym, medeniýet, sungat adamlarynyň ençeme duşuşyklaryny, pikir alyşmalaryny hem öz içine alandygy bilen Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri bu günki türkmen döwletliliginiň päkize arzuw-umytlaryny, beýik maksatlaryny bütin taryhy çuňlugy, geljege bolan ýagty garaýyşlary bilen açyp görkezdi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, hormatly Türkmenistanyň Prezidentiniň parasadyna daýanyp, türkmen medeniýeti bu gün, ine, şeýle nurana ýörelge bilen dünýä çykýar.

Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi açyldy

4-6-njy ap­rel ara­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň bi­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da top­lu­my­nyň ser­gi­si ge­çi­ri­ler. Ser­gi­niň gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry­nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, ser­gi­de Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi­niň, Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň, «Türk­men­ha­ly» döw­let bir­le­şi­gi­niň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň, şeýle-de Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň we­kil­le­ri, ýur­du­my­zyň işe­wür­le­ri öz di­war­lyk­la­ry bi­len gat­na­şar­lar. Ser­gi­de Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da top­lu­my­nyň ga­za­nan­la­ry, ýer­li kär­ha­na­la­ryň önüm­le­ri­niň iň soň­ky nus­ga­la­ry, azyk önüm­le­ri, se­na­gat önüm­le­ri, dok­ma önüm­le­ri, sarp ediş ha­ryt­la­ry, ha­ly önüm­le­ri, şeý­le-de dür­li hyz­mat­lar ta­nyş­dy­ry­lar.

BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekili «Artyk» gümrük nokadyna baryp gördi

2023-nji ýy­lyň 30-njy mar­tyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ne­şe we je­na­ýat­çy­lyk ba­ra­da­ky Mü­dir­li­gi­niň Mer­ke­zi Azi­ýa­da­ky se­bit­le­ýin we­kil­ha­na­sy­nyň ýol­baş­çy­sy ha­nym Aşi­ta Mit­tal Mak­sat­na­ma­nyň hal­ka­ra ut­gaş­dy­ry­jy­sy je­nap Ýu­suf Kur­bo­now bi­len bi­le­lik­de türk­men-eý­ran döw­let ser­he­din­dä­ki «Ar­tyk» güm­rük no­ka­dy­na ta­nyş­dy­ryş sa­pa­ry bi­len bar­dy. Bu sa­pa­ryň mak­sa­dy «Ar­tyk» güm­rük no­ka­dyn­da iş­le­riň gi­di­şi bi­len ta­nyş­mak we Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ne­şe we je­na­ýat­çy­lyk ba­ra­da­ky Mü­dir­li­gi bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek bo­lup dur­ýar.